Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Guterriş 2015-nji ýylyň ylalaşygyna laýyklykda ABŞ-dan eýran sanksiýalaryny ýatyrmagy soraýar


BMG-niň baş sekretary Antonio Guterriş
BMG-niň baş sekretary Antonio Guterriş

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) baş sekretary Antonio Guterriş ABŞ administrasiýasyna ýüz tutup, 2015-nji ýylda Tähran bilen dünýä güýçleriniň arasynda gazanylan ýadro ylalaşygy esasynda, Eýrana garşy girizilen ähli sanksiýalaryň “ýatyrylmagyna ýa-da gowşadylmagyna” çagyrdy.

Guterriş 30-njy iýunda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine beren hasabatynda Eýrany hem şertnamanyň ähli şertlerini gaýtadan ýerine ýetirmäge çagyrdy we ýurduň kanun bozmalaryny “aladaly ädimler” diýip häsiýetlendirdi.

Baş sekretaryň çagyryşlary Tähranyň ýadro önümçiligine çäklendirme girizilmeginiň öwezine oňa garşy halkara sanksiýalary ýatyrýan ylalaşygy täzeden dikeltmek üçin Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda Wenada gytaklaýyn gepleşikler dowam edýän wagty edilýär.

ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Tramp 2018-nji ýylda ABŞ-ny bu ylalaşykdan çekdi we agyr sanksiýalary täzeden güýje girizdi. Bu bolsa Tährany şertnamadaky ýadro borçnamalaryndan ýuwaş-ýuwaşdan el çekmäge iterdi.

15 agzaly Howpsuzlyk Geňeşi 30-njy iýunda Guterrişiň Eýran, ABŞ, Fransiýa, Britaniýa, Germaniýa, Russiýa we Hytaý bilen aradaky ýadro ylalaşygyny özünde jemleýän 2015 rezolýusiýasynyň ýerine ýetirilişi boýunça beren ýarym ýyllyk hasabatyny ara alyp maslahatlaşdy.

XS
SM
MD
LG