Owganystandaky nemes, italýan we demirgazyk makedoniýa goşunlarynyň iň soňky tapgyry öýlerine dolandy. Munuň bilen bu ýurtlar, halkara güýçleriniň uruşdan ejir çeken ýurtdan goşun çekmegi çaltlandyrmagynyň çäginde, Owganystandaky 20 ýyllyk missiýasyny tamamladylar.
Prezident Jo Baýden Waşingtonyň 11-nji sentýabra çenli amerikan güýçlerini Owganystandan doly çykarýandygyny yglan edenden soňra, aprel aýynda ABŞ ýolbaşçylygyndaky koalisiýa özüniň Owganystandaky 9,600 kontingentli missiýasyny soňlandyrmak kararyna geldi. 11-nji sentýabrda “Al-Kaýdanyň” Birleşen Ştatlarda amala aşyran terror hüjümlerine 20 ýyl dolýar. Bu hüjümler Owganystana çozulmagyna we terror toparlaryna eýe çykan “Talyban” hökümetiniň syndyrylmagyna getirdi.
“Talyban” ýurt boýunça hüjümlerini möwjedýär, ABŞ harbylarynyň 11-nji sentýabra bellenen möhletden has ozal goşun çekmek işlerini tamamlajakdygyny barasyndaky habarlaryň arasynda köp sanly ýaran Owganystandaky missiýasyny jemleýär.
Reuters 30-njy iýunda ABŞ-nyň goşun çekmek işlerini bary-ýogy birnäçe günüň içinde tamamlajak ýaly diýip, habar berdi. Agentlik atlary aýdylmaýan ABŞ resmilerine salgylanyp, ABŞ ilçihanasyndaky diplomatlary goramak üçin we belki-de Kabul howa menziliniň howpsuzlygyna ýardam bermek üçin 650 harbynyň Owganystanda galdyryljakdygyny habar berdi.
ABŞ geçen aý Owganystandan goşun çekmäge başlaly bäri Owganystanda söweşler möwjedi, Talyban bir topar sebitde gözegçiligi ele geçirdi.
Pentagon “Talybanyň” Owganystandaky 419 etrapdan 81 etraba gözegçilik edýändigini çaklaýar.
ABŞ-nyň goşun çykarmak işlerini tizleşdirmegi ýurtda doly masştably raýat urşunyň turmagynyň mümkindigi barada alada döretdi.
«Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi goňşy Garagalpagystan awtonom respublikasynda bolan tolgunyşyklaryň yz ýanyna gabat geldi.» Meniň tankyda bolmaýan dostlarym! Bir zada düşüniň. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi her aýyň başynda geçirilýär. Bu gezek bolsa, alty aýyň jemine bagyşlanylyp geçildi. Bärde siziň öz ýanyňyzdan oýlap tapýan «Garagalpagystan awtonom respublikasynda bolan tolgunyşyklaryň yz ýanyna gabat geldi.» diýýän zadyňyz tasa gelenok. Ondan, beýle köpbilmiş bolsaňyz, ne sebäpden ýokary derejeli iki howpsuzlyk resmisine käýinç yglan edilenini aýdyň. Bize şol gyzykly. TDH-nyň materialyny eýläk-beýläk sözlerini üýtgedip, copy paste edeniňiz gyzykly däl,
TM-da in gimmat mal bazar Ashabat, 20 kg goyun 1,200 m shu gunki baha, welayatlarda arzan bolyar. Balkandaki habarjini kэyinj berin, nэdogri maglumat