Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kaşaň myhmanhanalar, äpet ak öýler we durmuş


Aşgabatdaky "Älem" çarhy

Aşgabatda täze-täze gurluşyklaryň yzy üzülmeýär. Gurulýan ak mermerli desgalar binagärçilik taýdan tapawutlanýar. Döwlet mediasy täze binalary öwüp arşa çykarýar, ýönekeý raýatlar olaryň ähmiýetini sorag astyna alýar.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Aşgabat häkimiýetleriniň gurluşyk 'höwesine', hususan-da onuň äpet binalary gurmak 'höwesine' gönükdirilýär.

Türkmen paýtagtynda mähnetligi boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna giren desgalar az däl. Meselem, Aşgabatda “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň binasyndaky ýyldyzyň şekili dünýäde iň uly ýyldyzyň şekili hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

“Älem” dynç alyş merkezindäki çarh dünýäde iň ullakan çarh hökmünde hasaba alyndy. Aşgabadyň günortasynda dikilen tas ýarym tonnalyk baýdak hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Ýöne şeýle äpet desgalar ýönekeý raýatlara nähili peýda getirýär? Şeýle binalaryň gurluşygyndan kim nähili bähbit görýär?!

Gepleşigimize Pragadan ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally gatnaşdy.

Kaşaň myhmanhanalar, äpet ak öýler we durmuş
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG