Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Bagram howa bazasyny owgan güýçleriniň garamagyna geçirdi


ABŞ-nyň harby howa güýçleriniň transport uçary Bagram howa bazasyna gonuşy amala aşyrýar. 1-nji iýul, 2021 ý.
ABŞ-nyň harby howa güýçleriniň transport uçary Bagram howa bazasyna gonuşy amala aşyrýar. 1-nji iýul, 2021 ý.

ABŞ-nyň harbylary Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň Owganystanda 20 ýyldan gowrak wagtyň içinde giňden peýdalanan Bagram howa bazasyny Owgan milli howpsuzlyk we goranyş güýçleriniň garamagyna geçirdi.

Bu ägirt uly baza sowetler tarapyndan gurlupdy. Bu Birleşen Ştatlaryň we NATO güýçleriniň Owganystandaky ulanan iň uly harby bazasy boldy. Amerikanyň harby hereketlere has köp gatnaşan döwri, bu bazada on müňlerçe esger ýerleşdirilipdi.

“Ähli koalisiýa güýçleri Bagramdan çykdy” diýip, resmileriň biri AFP habar gullugyna aýtdy. Şol bir wagtda, ol ABŞ-nyň we NATO-nyň soňky esgerleriniň anyk haçan bazany terk edendigini aýdyňlaşdyrmady.

Bazanyň ýerli owgan güýçleriniň garamagyna geçirilmegi, Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky galan 2,500-3,500 esgeriniň prezident Jo Baýdeniň 11-nji sentýabr diýip kesgitlän soňky möhletinden has ir çykaryljakdygyna yşarat edýär.

XS
SM
MD
LG