Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lukaşenka belarus-ukrain serhedini ýapmagy tabşyrdy


Lukaşenka öz öňe sürmelerini delillendirmek üçin hili subutnama getirmedi.

Belarusda diýdimzor Aleksandr Lukaşenka ýurduň Ukraina bilen serhedini dolulygyna ýapdy. Ol häkimiýetleriň Günbatar bilen ilteşikli “terroristiki” diýip häsiýetlendiren ukudaky öýjükleriniň üstüni açandygyny öňe sürdi.

Lukaşenkanyň geçen ýylky dawaly prezidentlik saýlawlaryndan soň dissidentleri gazaplylyk bilen basyp ýatyrmagy sebäpli, ol halkara jemgyýetçiliginiň barha artýan basyşlaryna duçar bolýar.

Lukaşenka öz öňe sürmelerini delillendirmek üçin hili subutnama getirmedi.

Mundan öň, Günbatar geçen aý Belarusyň Ýewropanyň raýat uçaryny Minskde gonmaga mejbur etmegine we onuň bortundaky oppozisiýa bloggerini tussag etmegine jogap edip, Lukaşenkanyň hökümetine garşy goşmaça sanksiýalary girizipdi.

Lukaşenka Belarusa “köp mukdarda” ýaraglaryň getirilmeginiň öňüni almak maksady bilen, Ukraina bilen serhetlerini ýapmak barada görkezme berendigini mälim etdi.

Ukrainanyň Daşary işler ministrligi Kiýewiň goňşy döwletiniň içerki işlerine goşulmaýandygyny, muny etmek niýetiniň hem ýokdugyny aýtdy.

Mundan başga-da, Lukaşenka Belarusda üsti açylandygy aýdylýan “ukudaky terroristik öýjükleri” diýip häsiýetlendiren gurluşlarynyň Germaniýa, Litwa, ABŞ, Polşa we Ukraina bilen ilteşiklidigini hem öňe sürdi. Ol bularyň “zorluk bilen režimi çalyşmagy” maksat edinýändiklerini hem aýtdy. Munuň bilen baglylykda, Lukaşenkanyň agzan döwletlerinden bada-bat kommentariýa bolmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG