Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rus kiber jenaýatçylary bilen baglanyşykly soňky hüjüminiň täsirleri entek kesgitlenmeli


Illýustrasiýa suraty

ABŞ-nyň kiber howpsuzlyk hünärmenleri tarapyndan rus dilli bir topara degişlidigi aýdylýan pul talap ediji uly kiber hüjüminiň ýetiren täsirleri entek doly kesgitlenmedi. Gitdigiçe has köp kompaniýa öz ulgamlarynyň howp astyna düşendigini aýdýar.

Kiber howpsuzlyk hünärmenleriniň 2-nji iýulda giçlik amala aşyrylan kiber hüjüminiň azyndan 17 ýurtda müňlerçe adama erbet täsir ýetirendigini ABŞ-nyň habar çeşmeleri 4-nji iýulda habar berdiler.

ABŞ-da ýerleşýän “Kaseya” kompaniýasynyň baş direktory Fred Wokkola hem öz programma üpjünçiligine zeper ýetendigini we münüň täsiri astyna müňlerçe adamyň düşendigini çaklady.

Wokkola has giňişleýin maglumat bermekden saklandy.

Kiberhowpsuzlyk hünärmenleri bu hüjümiň arkasynda rus dilli "REvil" toparynyň dolandyrmagyndaky pul talap ediji programmanyň durandygyny we onuň ABŞ-nyň Garaşsyzlyk senesi bilen bagy dynç günlerinde başlanmagynyň tötänden däldigini aýdýarlar.

Prezident Jo Baýden ABŞ-nyň aňtaw gullugyna derňew geçirmegi tabşyrdy.

Şwesiýanyň “Coop” azyk kompaniýasynyň 800 dükanynyň köpüsini iki günlük ýapmagy tabşyransoň bu hüjüm ady görkezilmedik germaniýaly IT hyzmat üpjün edijisine we iki sany gollandiýaly IT hyzmat kompaniýasyna täsir etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG