Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ garaşsyzlyk güni koronawirusdan azatlygyny belleýärler


Garaşsyzlyk güni mynasybetli salýut, Nýu Ýork, 4-nji iýul, 2021.

Amerikalylar şu ýyl Garaşsyzlyk güni baýramyny 4-nji iýulda parad we feýerwerk bilen bellediler, bir ýyl mundan ozal COVID-19 çäklendirmeleri sebäpli köp çäreler ýatyrylypdy.

Bu ýylky dynç alyş günleri amerikalylara pandemiýa sebäpli bir ýyldan gowrak wagtlap dowam eden çäklendirmelerden soň Garaşsyzlyk gününi dostlary we maşgalalary bilen bilelikde bellemäge mümkinçilik berdi.

ABŞ-nyň prezident Jo Baýden uly ýaşly ilatyň 70%-ne azyndan bölekleýin sanjym etmek barada yglan eden maksadyna ýetmedik hem bolsa, tutuş ýurt boýunça dabaralary geçirmegi goldady.

Baýden öz maşgalasy bilen Ak tamda 1000 töweregi tiz hereket toparynyň işgärleri, harbylar we resmileri hem-de olaryň maşgalalary üçin piknik gurady.

Çärede eden çykyşynda Baýden bir ýyl ozal girizilen koronawirus çäklendirmeleri sebäpli 4-nji iýul baýramçylygy bilen bagly çäreleriň köpüsiniň ýatyrylmaly bolandygyny aýtdy. Ol ABŞ-nyň “ýeňiş gazanandygyny”, emma entek wirusy “ýeňmändigini” belledi we amerikalylary waksina etmäge çagyrdy.

Londonda patyşa Ýelizaweta 4-nji iýulda Britaniýanyň saglyk işgärlerini hormatlady we Milli saglyk gullugyna (NHS) Jorj hajynyň ýokary derejesini gowşurdy. Bu baýrak raýat edermenligi üçin iň ýokary sylagdyr.

Britaniýanyň Milli saglyk gullugy bu sylaga 73 ýyl hyzmat edenligi, şol sanda COVID-19 pandemiýasy döwründe eden işleri üçin mynasyp boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG