Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

'Talybanyň' Demirgazyk Owganystandaky hüjümi owgan harbylaryny Täjigistana gaçmaga mejbur edýär


Owganystanyň ýörite güýçleriniň ulag kerweni, Parwan welaýatynyň Gorband etraby, 2021-nji ýylyň 29-njy iýuny.

Hepdäniň ahyrynda Owganystanyň demirgazygynda "Talyban" hereketiniň güýçlendiren hüjümleriniň netijesinde gozgalaňçylaryň has köp etraby basyp alyp, welaýat paýtagtyny gabansoň, ýüzlerçe owgan hökümet harbysy Täjigistana gaçdy.

Täjigistanyň serhet goraýjylary 5-nji iýulda 1037 owgan harbysynyň gijäniň dowamynda serhetden geçendigini, ondan bir gün öň 4-nji iýulda ýene 94-siniň gaçyp gelendigini habar berdiler.

"Talyban" tarapyndan ýakynda ele salnan ýerleriň köpüsi Badahşanda ýerleşýär, demirgazyk-gündogar welaýatyň 27 etrabynyň 16-sy häzir "Talybana" degişli. Bu barada owgan resmileri 4-nji iýulda aýtdylar.

Etraplaryň köpüsiniň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan garşylyksyz terk edilene meňzeýär. Owgan goşun ahlak derejesiniň gowşaklygyndan we maddy üpjünçiliginiň pesliginden ejir çekýär.

"Talybanyň" söweşijileri indi Badahşanyň sebit paýtagty Faizabadyň daşynda ýerleşýär we şäheri gabawa alyp, howa menziline howp salýar diýip, Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugy habar berýär.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden aprel aýynda ABŞ-nyň goşunynyň yza çekiljekdigini yglan edeli bäri, "Talyban" çalt hüjüme geçdi we häzirki wagtda ýurduň 421 etrabynyň we etrap merkeziniň üçden bir bölegini öz gözegçiligine geçirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG