Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Azerbaýjan Hazar deňzindäki uly ýangyny derňeýär


Hazar deňzindäki ýangyn

Azerbaýjanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi Hazar deňzindäki ýangyny derňeýändigini aýtdy, emma onuň deňizdäki nebit we gaz ýataklaryna täsir edendigini barada habaryň bolmandygyny habar berdi.

4-nji iýulda sebitde güýçli partlama boldy we yzýany ýangynyň suratlary sosial ulgamlarda peýda boldy.

Ministrligiň Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugyna beren habaryna görä, günüň dowamynda ýurduň deňizdäki nebit infrastrukturasynda ýa-da senagat desgalarynda ýüze çykan adatdan daşary ýagdaýlar barada hiç hili maglumat bolmandyr. Ministrlik deňizdäki ýangynyň 4-nji iýul agşam internetde ýaýran wideolary bilen baglanyşykly beýannama edendigini aýtdy.

Wideoýazgylarda Bakuwyň kenaryndan aç-açan görünýän uly ýangyny görmek mümkin.

Ministrlik ýangyn barada derňewiň geçirilýändigini aýtdy.

SOCAR döwlet nebit kompaniýasynyň metbugat sekretary Ybraýym Ahmadowyň Azerbaýjanyň APA habar gullugyna aýtmagyna görä, partlama Bakuwyň kenaryndan 75 kilometr uzaklykda ýerleşýän "Umid" gaz ýatagyndan 10 kilometre golaý ýerde bolupdyr.

Ahmadow bilermenleriň wakanyň bolan ýerine barýandygyny we goşmaça maglumat bolansoň köpçülige habar beriljegini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG