Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa owgan raýatlaryna 2400 wiza berdi


Owganystandan gaýdyp gelen Germaniýanyň harbylary "Airbus A400M" kysymly ýük uçyrnyň ýanynda, Wunstorf, 30-njy iýun, 2021

Germaniýanyň daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Berlinde Germaniýanyň Owganystandaky güýçlerine kömek eden we häzirki wagtda gorag gözleýän owgan işgärlerine 2400 wiza berdi.

20 ýyla golaý wagtlap Owganystanda gulluk eden german esgerleriniň soňky topary halkara güýçleriniň ýurtdan çykarylmagynyň çäginde 29-njy iýunda Owganystany terk etdi. Germaniýa Owganystanda ýerleşdirilen halkara goşunlarynyň çäginde gulluk eden harbylarynyň sany boýunça ABŞ-dan soň ikinji orunda durýar.

Aprel aýynda goranmak ministri Annegret Kramp-Karrenbauer Germaniýanyň goşunlaryna ýardam beren we indi howp abanýan goragsyz ýerli ýaşaýjylary terk etmezlik meselesinde Germaniýanyň "çuňňur borjunyň" bardygyny aýdypdy.

5-nji iýulda Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Deýwid Helmbold goşun yza çekilmezden ozal 446 ýerli işgäre we olaryň garyndaşlaryna - jemi 2250 adama syýahat dokumentlerini berlendigini aýtdy.

Helmbold syýahat resminamalaryny alanlaryň hemmesiniň derrew Owganystandan gitmek islemeýändigini aýtdy.

"Owganystanda mümkin boldugyça uzak galmak isleýändiklerini, ýöne howpsuzlyk ýagdaýy ýaramazlaşsa gitmek isleýändigini aýdýan ýerli kömekçiler köp boldy" -diýip german resmisi aýtdy.

ABŞ-nyň harby güýçleri geçen hepde Owganystandaky iň uly howa meýdançasyny boşatdylar. Waşingtonyň öz goşunyny yza çekmek işini awgust aýynyň ahyryna çenli gutarjakdygyny aýtdy.

ABŞ-nyň habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Waşington Gazagystandan, Täjigistandan we Özbegistandan ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleri bilen Owganystanda işleşen 9 000 töweregi owganystanlyny wagtlaýynça ýerleşdirmegi sorapdyr. Owgan raýatlarynyň ABŞ-da ýa-da Ýewropa ýurtlarynda hemişelik ýaşamak üçin wizalary taýýar bolýança olaryň howpsuz ýerde bolmagyna zerurlyk döreýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG