Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

28 adamy alyp barýan rus uçary ýitirim boldy


Kamçatka

28 adamy alyp barýan rus uçary ýitirim boldy

Orsýetiň resmileriniň habar bermegine görä, 28 adamy alyp barýan AN-26 uçary ýurduň Uzak Gündogar regionyndaky Kamçatkada radarlardan ýitirim bolupdyr.

Sebitiň paýtagty Petropawlowsk-Kamçatskiden Palana şäherine uçýan uçar, gonmaga synanyşanda howa hereketine gözegçilik edýän gulluk bilen aragatnaşygyny ýitirdi.

Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň sebit bölümi uçarda 22 ýolagçynyň we ekipažyň alty agzasynyň bardygyny aýtdy.

Uçar "Kamçatka awiasiýa kärhanasy" atly kompaniýa degişlidi we 1982-nji ýyldan bäri ulanylýar. Kompaniýanyň müdiri Alekseý Habarow uçaryň tehniki taýdan guratdygyny Interfaks habar agentligine aýtdy.

Rus metbugatynyň habaryna görä, derňew başlandy we gözleg missiýasyna iki dikuçar, uçar we birnäçe gämi gatnaşýar.

Käbir habar beriş serişdelerinde uçaryň deňze gaçmagy ähtimal diýilýär. Bu habar entek resmi taýdan tassyklanmady.

Palana Ohotsk deňziniň kenarynda ýerleşýär.

Ýerli häkimiýetler ýolagçylaryň köpüsiniň 3000 töweregi ilaty Palanadan bolandygyny, şol sanda ýolagçylaryň arasynda dört ýerli hökümet işgäriniň we şäheriň häkimi Olga Mohirewanyň bardygyny habar bediler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG