Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Estoniýa Russiýadaky konsulynyň Sank Peterburgda tussag edilmegini “gurnalan” atlandyrdy


Illýustrasiýa suraty

Estoniýa özüniň Russiýadaky konsulynyň Sankt Peterburgda tussag edilmegini “gurnalan” we “prowakasiýa” atlandyrdy.

6-njy iýulda Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) eston konsulyny, göýä, gizlin dokument kabul etmekde ele salandan soň, ony tussag edendigini mälim etdi.

FSB konsul Mart Latteniň hereketleriniň “diplomatik işgäriň statusyna kybap gelmeýändigini we Russiýa garşy aç-açan duşmançylyklydygyny” öňe sürdi.

Agentlik konsulyň kimden ýa-da näme kabul edendigi barada hiç hili maglumat bermedi.

Estoniýanyň daşary işler ministrligi tussag etmäniň Russiýanyň Ýewropa Bileleşigi bilen gapma-garşylygy saýlap almagyna ýene bir mysaldygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG