Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenka sanksiýalardan ar almak üçin ÝB harytlarynyň gündogara üstaşyr geçirilmegini togtatmak bilen haýbat atýar


Aleksandr Lukaşenka
Aleksandr Lukaşenka

Belarus diýdimzory Aleksandr Lukaşenka Brýusseliň girizen sanksiýalaryndan ar almak üçin, Ýewropa Bileleşiginiň harytlarynyň öz ýurdunyň üstünden tranzit geçirilmegini togtatmak bilen haýbat atýar.

6-njy iýulda geçirilen hökümet maslahatynda Lukaşenka Günbataryň, hususan-da Ýewropa Bileleşiginiň girizen sanksiýalaryny “urşa” meňzetdi we Belarus bileleşigiň harytlarynyň öz üstünden gündogara tranzit geçirilmegini togtadyp biler diýdi.

Belarus maý aýynda oppozisiýa žurnalistini tussag etmek üçin bir ýewropa uçarynyň ugruny üýtgedenden soňra, ÝB ony jezalandyrmak üçin ýurduň esasy eksportlaryna sanksiýa girizdi we ony maliýeden kesdi.

Analitikler ÝB sanksiýalarynyň belarus ykdysadyýetine çäkli täsiriniň boljakdygyny aýdýarlar.

Lukaşenka hökümet maslahatynda eden çykyşynda Belarusyň Germaniýadan, ÝB-niň iň iri ykdysadyýetinden gelýän harytlaryň öňüni baglamalydygyny aýtdy.

Ol Germaniýadan gelýän harytlar boýunça şeýle üstaşyr çäklendirmeleriň haçan giriziljekdigini, ýa-da başga ýurtlaryň hem birmeňzeş çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny ýa-da däldigini aýtmady.

XS
SM
MD
LG