Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owgan güýçleri “Talybana” aldyran etraplaryny gaýtadan yzyna almagy planlaşdyrýar


Owgan harbylary. Gunduz welaýaty. 25-nji iýun, 2021-nji ýyl.

Owgan häkimiýetleri “Talybanyň” gözegçiligi ele geçiren ähli etraplaryny gaýtadan yzyna almagy wada berýär. Pentagon ABŞ güýçleriniň ýurtdan çekilmeginiň tamamlanyp barýandygyny aýdýar.

6-njy iýulda ýüzlerçe owgan ýörite güýçleri we hökümete tarapdar milisiýa söweşijileri gozgalaňçylaryň hüjümlerine garşy göreşmek üçin demirgazyk sebitlere ýerleşdirildi diýip, owgan häkimiýetleri aýtdy.

Şol bir wagtda, ABŞ-nyň Merkezi komandowaniýesi amerikan güýçleriniň Owganystandan çekilmek işleriniň 90 göterim tamamlanandygyny aýtdy. Pentagon ABŞ goşunlarynyň awgustyň aýagyna çenli yza çekilmek işlerini tamamlamaga taýýarlanýandygyny aýtdy.

Prezident Jo Baýdeniň uruşdan ejir çeken ýurtdan harbylary yza çekmek kararyny yglan edeli bäri, ABŞ güýçleri ýedi desgany Owganystanyň Goranmak ministrligine tabşyrdy.

Birnäçe welaýatda söweşler dowam edýär, ýöne gozgalaňçylar esasan ýurduň demirgazyk sebitlerine kampaniýalary gönükdirýär, geçen iki aýyň dowamynda sebitde onlarça etraby ele geçirdiler.

Owganystanyň milli howpsuzlyk maslahatçysy Hamdullah Mohib Kabulda žurnalistlere hökümet güýçleriniň Talybana aldyran etraplaryny yzyna gaýtaryp almagy planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, Mohib hepdäniň başlarynda goňşy Täjigistana gaçan 1,000-den gowrak harbynyň yza dolanýandygyny we olaryň täzeden howpsuzlyk güýçleriniň hataryna goşulýandyklaryny mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG