Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäde pandemiýadan ölenleriň resmi sany 4 milliondan geçdi, wirusyň delta görnüşi ýaýraýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Dünýäde COVID-19 bilen aradan çykan adamlaryň sany 4 milliondan aşdy diýip, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy 7-nji iýulda habar berdi. Ýöne resmi sanlaryň hakyky sanlardan ep-esli azdygyna ynanylýar.

Ýokanjyň çalt ýaýraýan delta görnüşi batlanýan mahaly, birnäçe ýurt aladaly epidemiologiki meýilleri görkezýär. Köp sanly baý ýurtlar pandemiýa çäklendirmelerini gowşatsa-da, soňky epidemiologiki tendensiýalar Aziýada we dünýäniň beýleki künjeklerinde ýurtlary täze çäklendirmeleri girizmäge ýa-da öňki çäklendirmeleri täzeden dikeltmäge iterýär.

“Dünýä bu pandemiýanyň örän howply döwründe” diýip, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň başlygy Tedros Adhanom Gebreýesus aýtdy.

Olimpiýa oýunlarynyň başlamagynyň edil öňüsyrasynda, Ýaponiýanyň koronawirusa garşy goşmaça çäreleri durmuşa geçirmegine, şol sanda Tokioda adatdan daşary ýagdaý yglan etmegine garaşylýar.

Köp adamly üýşmeleňleriň ýokanjy tutaşdyrmak ähtimallygy barada aladalar artýar. Şonuň üçin, Olimpiýa guramaçylarynyň 8-9-njy iýulda geçirjek ýygnagynda wagty yza süýşürilen Tokio 2020 Olimpiýa oýunlaryna tomaşaçylaryň gatnaşmagynyň gadagan edilmegine garaşylýar. Daşary ýurtly tomaşaçylar onsuzam Oýunlara gatnaşdyrylmaýar.

Sanjym işleriniň ýokary depginine garamazdan, Birleşen Ştatlarda infeksiýalar çalt ýokarlanýar, wirusyň delta görnüşi güýçlenýär. Ýöne ýokançlyklar ýanwar aýy bilen deňeşdirilende örän pes bolmagynda galýar. Ýanwarda gündelik 200 müň koronawirus hadysasy hasaba alynýardy.

Britaniýada hökümetiň tas ähli koronawirus çäklendirmelerini gowşatmagyna iki hepdeden hem az wagt galanda, bu ýurtda hadysalaryň sany ýanwardan bäri ilkinji gezek 30 müňden aşdy.

8-nji iýulda Fransiýanyň Ýewropa bilen gatnaşyklar ministri Clement Beaune delta ştammynyň töwekgelçilikleri bilen baglylykda fransuz raýatlaryny tomusky dynç alyş üçin Ispaniýa we Portugliýa syýahat etmezligi maslahat berdi.

XS
SM
MD
LG