Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan güýçleri aldym-berdimli söweşden soň, welaýat paýtagtynda öz pozisiýalaryny güýçlendirýär


Owganystanyň Milli goşun serkerdeleri "Bagram" howa bazasyny garawullaýar. 2-nji iýul, 2021-nji ýyl.

Owgan hökümeti Demirgazyk Owganystanyň bir welaýat merkezinde “Talyban” jeňçilerini yza serpikdirendigini öňe sürenden soňra, ol ýerde öz pozisiýasyny güýçlendirmek üçin welaýat merkezine ýüzlerçe goşun iberendigini aýdýar.

Goranmak ministrligi 8-nji iýulda Badgys welaýatynyň paýtagty günbatar Galaýnaw şäherinde öz operasiýalarynyň batlanýandygyny aýtdy, ýöne “Talybanyň” agyr hüjüminiň doly yza serpikdirilendigi ýa-da däldigi nämälim galýar, sebäbi ýerli ýaşaýjylar sebitde heniz hem söweşleriň dowam edýändigini aýdýarlar.

“Talyban” owgan güýçlerine garşy iri hüjüme geçeli bäri, ilkinji gezek bir welaýat paýtagtyna hüjüm edýär, ABŞ goşunlarynyň ýurtdan çekilmegi tamamlanyp barýar.

Jeňçileriň hökümet binalaryny, şol sanda polisiýanyň ştab-kwartirasyny we içalyçylyk agentliginiň edara binasyny ele geçirendigi aýdylýar.

Galaýnawa edilen hüjüm owgan häkimiýetleriniň, ABŞ-nyň goşun çekýändigine garamazdan, “Talybana” aldyran ähli etraplaryny yza gaýtaryp almagy wada berýän wagtyna gabat gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG