Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidenti Rohani tok üpjünçiligindäki bökdençlikde yssy howany günäkärleýär 


Paýtagt Tähranda tok kesilenden soň bir dükan garaňkyda işleýär. Iýul, 2021 ý. Tähran. Eýran

Eýranyň wezipe möhleti tamamlanýan prezidenti Hasan Rohani elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde döreýän yzygiderli bökdençlikler bilen bagly yssy howany we ýiti gurakçylygy günäkärledi we bu şertleriň elektrik energiýasyna bolan talaby ýokarlandyrýandygyny aýtdy.

Tähranda we Eýranyň beýleki iri şäherlerinde soňky birnäçe gün bäri elektrik energiýasy yzygiderli kesilýär. Häkimiýetler şeýle ýagdaýyň aýyň ahyryna çenli dowam edip biljekdigini aýdýarlar.

“Biz soňky birnäçe gün bäri adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan problemalaryna gynanýarys” diýip, Rohani 7-nji iýulda döwlet telewideniýesinde aýtdy.

Ol elektrik energiýasyna bolan talabyň ýokarlanmagyny “senagat ösüşleri we aşa yssy howa” bilen, şeýle-de köp energiýa talap edýän kriptowalýuta magdançylyk amallary bilen ilteşdirdi.

5-nji iýulda Rohani Eýranyň “ozal görülip-eşdirilmedik gurakçylyk” bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny we geçen ýyl bilen deňeşdirilende ýagyş-ýagmyryň ortaça 52 prosent azalandygyny hem-de bu ýagdaýyň gidro elektrik stansiýalaryň işini tas togtadandygyny aýtdy.

Sosial media wideolary birnäçe şäherde, şol sanda Tähranda we Şirazda elektrik bökdençliklerine protest bildirýän eýranlylary görkezýär.

Energetika ministrligi elektrik kesilmeleriniň tertipnamasyny çap etdi, ýöne soňky günlerde ençeme raýatlar we kärhanalar garaşylmadyk ýagdaýda elektrik togundan mahrum galdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG