Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranly türkmen žurnalistiniň Türkmensährada tussag edilmegi


2020-nji ýylyň sentýabrynda Eýranda ygtyýarnamasy ýatyrylan türkmen we pars dilli "Sähra" gazeti

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany eýranly türkmen žurnalistiniň we syýasy analitiginiň eýran häkimiýetleri tarapyndan tussag edilmegine we bu tussag etmäniň töweregindäki soraglara gönükdirilýär.

Eýranda türkmensähraly žurnalist we syýasy analitik Aman Mohammad Hojamly eýran häkimiýetleri tarapyndan tussag edildi diýip, Eýranda ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri habar berýärler.

Türkmen wekilleriniň sözlerine görä, eýranly žurnalistiň ýurtda geçirilen prezident saýlawlarynyň edil yzýany tussag edilip, türmä basylmagy etniki türkmenleriň arasynda sorag döredýär.

Eýran häkimiýetleri adam hukuklaryny, şol sanda söz we metbugat azatlygyny berk gysmakda halkara ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan tankyt edilýär.

Eýranda türkmen žurnalistiniň tussag edilmegi eýran häkimiýetleriniň ýerli türkmen metbugatyna görkezýän ilkinji basyşlary däl. Türkmen wekilleriniň sözlerine görä, eýran häkimiýetleri köp ýyllyklaryň dowamynda ýurtda ýaşaýan etniki azlyklaryň, şol sanda türkmenleriň syýasy, sosial we medeni durmuşyna yzygiderli gatyşyp gelýär.

Ýatlasak, geçen ýylyň sentýabrynda Azatlyk Radiosy eýran türkmenleriniň arasynda meşhurlyga eýe bolan we türkmen hem-de pars dillerinde çap edilen “Sähra” atly gazetiň ygtyýarnamasynyň ýatyrylmagy barada habar berdi.

Golaýda tussag edilen eýranly türkmen žurnalisti özüniň adam hukuklary babatynda berýän habarlary we erkinlige ymtylýan syýasy analizleri bilen tanalýardy.

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany eýranly türkmen žurnalistiniň we syýasy analitiginiň eýran häkimiýetleri tarapyndan tussag edilmegine we bu tussag etmäniň töweregindäki soraglara gönükdirilýär.

Metbugat arhiwlerine görä, Aman Mohammad Hojamly Türkmenistanyň türmelerinde saklanýan türkmensähraly türkmenleriň jebir-jepasy barada 2014-nji ýylda metbugatda çykyş edip, eýran häkimiýetlerinden, hususan-da Eýranyň daşary işler ministrliginden Türkmenistandaky türkmensähraly tussaglaryň ýagdaýy boýunça haraý sorady.

Tussag edilen eýranly türkmen žurnalisti kim? Ol näme sebäpden türmä basyldy? Eýranda erkin türkmen metbugatynyň öňüniň baglanmagynyň aňyrsyndaky sebäpler näme?

Dünýä Türkmenleri şeýle soraglara jogap gözläp, bu tema boýunça Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýmerdanguly Myrady bilen gürrüňdeş boldy.

Eýranly türkmen žurnalistiniň Türkmensährada tussag edilmegi
please wait

No media source currently available

0:00 0:14:59 0:00

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG