Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Ukrainadaky separatistler tussaglary gynaýarlar


Russiýa tarapyndan goldanylýan güýçleriň gözegçiligindäki Ukrainanyň Donetsk regionynyň 32-nji jeza koloniýasy.
Russiýa tarapyndan goldanylýan güýçleriň gözegçiligindäki Ukrainanyň Donetsk regionynyň 32-nji jeza koloniýasy.

BMG Ukrainanyň gündogaryndaky Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň her gün diýen ýaly tussaglary gynaýandyklaryny we olara zulum edýändiklerini aýdýar.

BMG-niň adam hukuklary boýunça başlygynyň orunbasary Nada Al-Naşifiniň 9-njy iýulda beren maglumatyna görä, Ukrainanyň gündogaryndaky separatistleriň gözegçiligindäki sebitleriň tussaghanalarynda, hususan hem Donetskiň “Izolýatsiýa” türmesinde “gözçykgynç kanun bozmalar” amal edilýär.

Kanunbozmalar “her gün we sistematiki ýagdaýda amal edilýär” diýip, Naşif düýbi Ženewada ýerleşýän BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşinde çykyş etdi.

Naşif Ukrainanyň gündogaryndaky, şol sanda Krymdaky tussaghanalar, gynamalar we ýowuz daraşmalar baradaky hasabatyny hödürledi.

Adam hukuklary boýunça ýokary komissaryň orunbasary konflikt başlanandan bäri hem hökümetiň, hem-de separatistleriň gözegçiligindäki sebitlerde konflikt bilen ilteşikli saklanan 4 müňe golaý tussagyň gynamalara ýa-da zuluma duçar edilendigini aýtdy.

Naşif Russiýanyň Krymda adam hukuklary boýunça halkara kanunyny we ynsanperwerçilik baradaky halkara kanunyny bozýandygyny belledi.

XS
SM
MD
LG