Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden talaňçylykly kiber hüjüminden soň, Putine ABŞ-nyň ‘islendik gerekli çäräni görjekdigini’ aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 9-njy iýulda özüniň rus kärdeşi Wladimir Putin bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, Russiýada hereket edýän kiber-talaňçy toparlaryna garşy “çäre görmegi” duýdurdy. Bu barada Ak Tam maglumat berýär.

Baýden Putine Birleşen Ştatlaryň amerikalylary we kiber-hüjümleriniň howp abandyrýan möhüm infrastrukturalaryny goramak üçin “islendik gerekli çäräni” görjekdigini aýtdy.

Mundan bir hepde töweregi öň, düýbi Floridada ýerleşýän uzakdan dolandyryş programma üpjünçiligini hödürleýän Kaseýa tehnologiýa kärhanasyna garşy talaňçylykly kiber-hüjümi edildi. Bu ABŞ-da ýüzlerçe we dünýä boýunça 1 müň 500 töweregi biznese täsir ýetirdi.

Kiberhowpsuzlyk bilermenleri munuň iň iri talaňçylykly kiber-hüjümi bolandygyny aýdýarlar.

Hüjümiň jogapkärçiligini düýbi Russiýada ýerleşýän REvil kiber-jenaýatçy topary öz üstüne aldy. Ol maglumatlaryň täzeden elýeterli edilmegi üçin, 70 million dollar möçberinde bitkoin soraýar.

XS
SM
MD
LG