Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň öňýanynda, Tokioda täze adatdan daşary ýagdaý yglan edildi


Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylary ýaryşlaryň tas ählisiniň diýen ýaly tomaşaçysyz geçiriljekdigini mälim etdiler

Ýaponiýada Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň öňýanynda, ýurtda COVID-19 hassalarynyň köpelmegi sebäpli, 12-nji iýulda Tokioda täze adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Geçen hepde Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylary ýaryşlaryň tas ählisiniň diýen ýaly tomaşaçysyz geçiriljekdigini mälim etdiler. Daşary ýurtly tomaşaçylara eýýäm gadaganlyk girizildi.

“Biz adamlary türgenleri öýlerinden goldamaga çagyrýarys” diýip, 11-nji iýulda ministrler kabinetiniň baş sekretary Katsunobu Kato aýtdy.

Tokiodaky Tomusky Olimpiýa oýunlary 23-nji iýul-8-nji awgust aralygynda geçiriler. Paýtagtda eýýäm dördünji gezek yglan edilýän adatdan daşary ýagdaý 22-nji awgustda, Paralimpiýa oýunlarynyň öňýanynda tamamlanar.

Bu aralykda, Awstraliýanyň iň iri şäheri Sidneýde COVID-19 petiklenme çäreleriniň möhletini uzaltmaga taýýarlyk görülýär. Resmiler koronawirusyň adamdan-adama has aňsatlyk bilen geçýän delta görnüşiniň ýaýramagy netijesinde, ýurtda wirusa gündelik ýolugýanlaryň sanynyň 100 adama çenli ýetip biljekdigini duýdurýarlar.

12-nji iýulda ABŞ-da Pfizer farmasewtiki kärhanasy Birleşen Ştatlaryň resmileri bilen duşuşyp, COVID-19 waksinasynyň üçünji sanjymyny urdurmak boýunça rugsadyň berilmegi baradaky arzasy babatynda gepleşikleri geçirýär. Prezident Jo Baýdeniň saglyk maslahatçylarynyň başlygy goşmaça sanjymlaryň “uly ähtimallyk bilen gerek boljakdygyny” aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG