Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowada Ýewropa gymmatlyklarynyň tarapynda çykyş edýän partiýa ýeňiş gazandy


"Men şu gün Moldowada ogrularyň häkimiýetiniň tamamlanjakdygyna umyt edýärin" diýip, Sandu Facebook hasabynda beýanat bilen çykyş etdi.
"Men şu gün Moldowada ogrularyň häkimiýetiniň tamamlanjakdygyna umyt edýärin" diýip, Sandu Facebook hasabynda beýanat bilen çykyş etdi.

Moldowada geçirilen irki parlament saýlarynda Günbatar gymmatlyklarynyň tarapynda çykyş edýän prezident Maia Sandunyň partiýasy açyk ýeňiş gazandy. Munuň netijesinde, Russiýanyň ýurtdaky täsiriniň peselmegi mümkin.

12-nji iýulda sesleriň 99,91%-niň sanalmagy netijesinde, Sandunyň merkezi-sagçy Hereket we Raýdaşlyk partiýasynyň (PAS) sesleriň 52,72%-ni alandygy mälim boldy. Onuň esasy garşydaşy, ozalky prezident Igor Dodonyň Moskwa dostlukly garaýan Sosialistler we Kommunistler blogy (BECS) sesleriň 27,23%-ne eýe boldy.

PAS-yň 101 agzalyk parlamentde köplüge eýe boljakdygyna meňzeýär. Bu Ýewropanyň iň garyp döwletiniň Moskwanyň täsirinden çykyp, Ýewropa Bileleşigi bilen has içgin integrasiýa ugrunda tagalla etmegine itergi bolar.

Saýlaw komissiýasy ses bermäge hukugy bolan adamlaryň 48,4%-niň saýlawlara gatnaşandygyny mälim etdi. Saýlawlarda 3,2 million adamyň, şol sanda ýurduň daşynda ýaşaýan uly diasporanyň hem ses bermäge hukuky boldy.

Saýlawlaryň irki netijeleri, garaşylyşy ýaly, daşary ýurtdaky diasporanyň aglabasynyň PAS-a ses berendigini görkezdi.

Tussaglykdaky telekeçi Ilan Şoruň Parditul Sor partiýasy sesleriň 5,75%-ni alyp, parlamentiň düzümine giren üçünji partiýa boldy. Şor galplykda we pul ýuwmakda aýyplanyp, tussaglyga höküm edildi. Ol özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär.

“Men şu gün Moldowanyň agyr günleriniň tamamlanjakdygyna umyt edýärin. Men şu gün Moldowada ogrularyň häkimiýetiniň tamamlanjakdygyna umyt edýärin” diýip, Sandu Facebook hasabynda beýanat bilen çykyş etdi.

XS
SM
MD
LG