Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý garşydaşlarynyň "kellesini döwmek" bilen haýbat atýar ýa-da Pekin öz täsirini nädip ýokarlandyrýar


Hytaýyň prezidenti Si Jinpiniň Pekinde Kommunistik partiýanyň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli çykyşy uly ekranlarda görkezilýär.
Hytaýyň prezidenti Si Jinpiniň Pekinde Kommunistik partiýanyň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli çykyşy uly ekranlarda görkezilýär.

Hytaý Kommunistik partiýanyň döredilmeginiň 100 ýyllygyny dabaraly bellemek bilen dünýä arenasynda Hytaýyň ýokarlanandygyny, daşary ýurtlarda barha artýan täsirini, şeýle hem içerki ykdysady we syýasy ýeňişleriň birnäçesini yglan etdi.

Mao Ze Dunyň portreti bilen bezelen Jennet Parahatçylygynyň derwezesinde duran Hytaýyň prezidenti Si Jinpin Pekindäki Týananmen meýdanyndaky mähellä ýüzlenip, ýurdy garyplykdan çykarandygy hem-de goşuna we syýasy täsirini giňeldendigi üçin minnetdarlygyny bildirdi. Si Hytaýyň kemsidilen döwrüniň hemişelik geçmişde galandygyny aýtdy.

— Bize akyl öwretmäge hukugy bar öýdýänlerden öwünjeňlik wagyzlary kabul etmeris. Biz hiç haçan beýleki halklara sütem etmedik, başgalary ezmedik ýa-da gul etmedik, beýle zat geçmişde bolmandy, häzirem ýok, geljekde-de bolmaz. Hytaý halky hiç bir daşary ýurt güýjüniň özlerini gorkuzmagyna, sütem etmegine ýa-da gulçulygyna ýol bermez. Muny kimler isleýän bolsa, 1,4 milliard hytaýlynyň ganyndan hem teninden gurlan polat diwara kellesini urup kellesini döwer – diýip, Si Jinpin öz çykyşynda aýtdy.

Güýçli el çarpyşmalar bilen garşy alnan ol ýangynly ýüzlenme Hytaýyň milletçiliginiň ösmeginiň fonunda ýaňlandy, bu dabara Pekiniň halkara gatnaşyklarynda has ygtybarly we görnükli hyzmata eýe bolýan döwrüne gabat geldi.

— Hytaý Kommunistik partiýasynyň halkara täsiri, meşhurlygy we özüne çekijiligi yzygiderli ösdi hem ony dünýä syýasatynyň öňdäki hataryna çykardy – diýip, partiýanyň daşarky gatnaşyklar bölüminiň başlygynyň orunbasary Guo Ežou žurnalistlere aýtdy.

Soňky 40 ýylda Hytaýda ilatyň ýaşaýyş derejesi ep-esli gowulaşdy. Munuň özi Pekiniň halkara maliýe we syýasy täsiriniň ýokarlanmagy bilen utgaşykly boldy.

Serbiýanyň paýtagty Belgradda Hytaýdan getirilen koronawirusa garşy sanjymlaryň bir tapgyry düşürilýär.
Serbiýanyň paýtagty Belgradda Hytaýdan getirilen koronawirusa garşy sanjymlaryň bir tapgyry düşürilýär.

Hytaýyň soňky ýyllardaky ösüşinden köp ýurt peýdalanan hem bolsa, Pekiniň ykdysady güýje eýe bolan, aýratyn-da öz ykdysady täsirini ýetirýän ýurtlarynda, demokratik jemgyýetleri we adam hukuklaryny pese gaçyrýandygyny analitikler belleýärler. Olaryň pikirine görä, bu tendensiýa Hytaý Kommunistik partiýasynyň ýurtdaky abraýy we oňa daşary ýurtlarda nähili garalýandygy arasyndaky barha artýan tapawudy görkezýär.

– Hytaýyň diplomatiýasynda içerki syýasatda mydama möhüm orun berlip gelindi. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Pekiniň özüni alyp barşynyň köp ugurlary içerki ýagdaýyň islegine görä boldy. Şoňa görä köp döwletler Hytaýyň öz modelini dünýä ýaýratmaga synanyşmagyndan alada galýar, şonuň üçin Pekin halkara derejesinde iň bolmanda 1970-nji ýyllardan bäri uly aladalary döredýär – diýip, Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan, «Hytaýyň raýat goşuny: Söweşiji möjekler diplomatiýasyny gurmak» kitabynyň awtory Piter Martin aýdýar.

PEKIN GÜÝJÜNE DAÝANÝARMY?

Dünýäniň köp bölegi COVID-19 pandemiýasy bilen göreşýärkä, ol belanyň Hytaýyň merkezinde dörändigine garamazdan, Pekin öz täsirini artdyrmak we dünýäniň käbir bölekleri bilen gatnaşyklaryny ýaňadan ýola goýmak üçin, geosyýasy güýçlerini herekete getirdi.

Pew Research tarapyndan 30-njy iýunda geçirilen barlagyň netijeleri Demirgazyk Amerikanyň, Ýewropanyň we Aziýa-Ýuwaş okean sebitiniň ykdysady taýdan ösen 17 ýurdunyň köpüsiniň Hytaýa negatiw garaýandygyny görkezdi we Si Jinpiniň reýtinginiň pesdigini mälim etdi.

Soňky bir ýylda Pekin Awstraliýa bilen söwda dawasyny başdan geçirdi, Pekin bilen Hindistanyň arasyndaky serhet ýakalarynda harby çaknyşyk boldy, şeýle hem hakykat ýüzünde Hytaý jedelli Günorta-Hytaý deňziniň bir bölegini öz kontrollygyna aldy.

Hytaýyň günbatar-demirgazygyndaky Sinjiangda – uýgur, gazak we beýleki musulman halklary ýaşaýan welaýatynda “syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş lagerleri” hereket edýär, onda bir million ýa-da ondan hem gowrak uýgurlary, gazaklary hem türki dilli musulmanlary sakladylar. Netijede, bu ýagdaý beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklary ýaramazlaşdyrdy.

Pekiniň Merkezi Aziýa hökümetleri bilen özara gatnaşygyndaky tutumy berk bolsa-da, Sinjiangdaky azlykda ýaşaýan halklary internirlemek – başgalara goşmak üçin döreden lagerleri dartgynlygy güýçlendirip, ýerli ilatda Hytaýa bolan negatiw garaýyşlary artdyrdy, Gazagystanda nägilelik hereketleriň we piketleriň döremegine getirdi.

Şol wagtyň özünde ABŞ-nyň hökümeti we birnäçe Günbatar ýurtlarynyň parlamentleri Hytaýyň Sinjiangdaky hereketlerini genosid diýip atlandyrdylar.

Maý aýynda Sinjiangdaky ýagdaý babatynda Ýewropa Bileleşiginde girizilen sanksiýalar Brýussel bilen Pekiniň arasyndaky uly maýa goýum şertnamasynyň doňmagyna sebäp boldy.

Hytaýyň milletçilik äheňine ýugrulan, söweş ruhuna eýlenen ençeme kinofilmler tapgyryndan at alşy ýaly, Pekiniň «söweşiji möjekler» diplomatiýasy onlaýn ulanýan söweşiji äheňe geçýär. Munuň özi Günbatar ýurtlarynyň köpüsinde gahar-gazap döretdi hem tutuş Ýewropada diplomatik dawalara sebäp boldy.

Pekiniň ynsanperwer kömekleri hökmünde saýlap alan ýurtlaryna COVID-19 sanjymlaryny satýan "sanjym diplomatiýasy" tankyt edildi. Şeýle hem Hytaý syýasy artykmaçlyklary giňeltmek hyzmatynyň deregine sanjymlaryň söwdasyny ýöretdi.

Şeýle aýyplamalardan biri 24-nji iýunda Günbatar diplomatlary tarapyndan yglan edildi. Pekiniň Sinjiang meselesinde has içgin derňewleri goldamak hyzmatyny yzyna almadyk ýagdaýynda, Kiýewe sanjym üpjünçiligini togtatjakdygy bilen haýbat atdy. Hytaý häkimiýetleri bu aýyplamalary ret etdiler.

— Biz Hytaý diplomatiýasynda hiç hili üýtgeşme görmeýäris. Pekin özüniň barlyşyksyz garaýşyny hiç bir meselede – ykdysady syýasatyndan başlap, Sinjiang meselesine çenli eglişige barman alyp barýar — diýip, Piter Martin aýdýar.

HYTAÝYŇ ÝOKARLANMAGYNYŇ YZY BILEN

“Hytaýyň täze halkara kynçylyklaryna garamazdan, Pekin öňküleri ýaly, dünýäniň köp böleginde öz täsirini üstünlikli giňeltmegi dowam etdirýär” diýip, Fransiýanyň Goranmak ministrliginiň Hytaýyň strategiki meseleler baradaky öňki geňeşçisi, Aziýany öwrenmek baradaky Milli býurosynyň uly ylmy işgäri Nadež Rollan aýdýar.

— Ösüp barýan hem-de geçiş döwründäki ykdysadyýeti bolan ýurtlar – munuň özi Hytaýyň täsirini giňeltmäge has köp synanyşýan we netijelerini görkezýän ägirt giň territoriýadyr — diýip, Rollan Azatlyk Radiosyna aýdýar.

Soňky ýyllarda Pekin Afrika, Ýewraziýa hem-de Latyn Amerikasyndaky ýurtlarda diplomatik gatnaşyklaryny giňeltdi. Hytaýyň köp milliardlyk inisiatiwasy bolan «Bir guşaklyk – bir ýol» ýörelgesine laýyklykda, ol ýurtlar bilen tehnologiýa we infrastruktura pudaklarynda şertnamalar baglaşdy.

Hytaý kompaniýalary Merkezi Aziýany gözegçilik ediji hem adamlaryň ýüzüni tanaýan tehnologiýa bilen üpjün edýär.
Hytaý kompaniýalary Merkezi Aziýany gözegçilik ediji hem adamlaryň ýüzüni tanaýan tehnologiýa bilen üpjün edýär.

— Biz geçiş döwrüne şaýat bolup, has aktiw täsir ediş hereketlerini görýäris. Hytaý [beýleki] ýurtlaryň hökümet ulgamlaryny kemala getirmäge synanyşýar. Onuň entek ähli maksady başa barmasa-da, ýöne biz geljek üçin ilkinji kerpiçleriň eýýäm goýlandygyny görýäris – diýip, Rollan hasap edýär.

Si Jinpin we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin özleriniň barha giňeýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny telekonferensiýada ara alyp maslahatlaşdylar, gepleşigiň barşynda olar Goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk şertnamasynyň ýene bäş ýyl uzaldylýangyny tassykladylar.

Pekiniň Balkanlarda barha artýan möhüm merkezi bolan Serbiýada Hytaýyň gözegçilik tehnologiýa kameralary we maglumatlar ýygnaýjy ulgamy “Smart City” (“Akylly şäher”) taslamasy arkaly has giň ornaşýar.

Şeýle proýekt Belgradda alnyp barylýar we Nowi-Sad şäheri üçin meýilleşdirilýär.

Hytaý kompaniýalary Merkezi Aziýa döwletlerine hem gözegçilik we ýüz tanamak tehnologiýalaryny ibermek üçin, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň howpsuzlyk gulluklary bilen hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekişdiler.

Ulgamlar herekete we raýatlara gözegçilik etmek üçin, ýörite resmi taýdan satyldy, beýle tehnologiýa ahlak we adam hukuklary meselesindäki aladalary artdyrdy, beýle ulgam Hytaýda eýýäm giňden ulanylýar, şol sanda uýgurlary yzarlamak üçin, Sinjiangda gözegçilik ulgamynyň bir bölegi hökmünde giňişleýin peýdalanylýar.

Beýleki ýurtlarda Hytaý bilim pudagy bilen baglanyşykly-da meşgullanýar. Serbiýanyň üç uniwersiteti Hytaýyň Jiao Tong uniwersiteti bilen has çuňňur we uzak möhletli medeni gatnaşyklar üçin, hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler.

Budapeştde Şanhaýyň Fudan uniwersitetiniň şahamçasyny gurmak baradaky taslama Wengriýada salgyt töleýjileriň serişdeleriniň hasabyna gurulýandygy üçin, tankyda sezewar boldy. Muňa garamazdan, şeýle şahamçanyň açylmagy möhüm tapgyr saýylyp, munuň özi Ýewropa Bileleşiginde ilkinji Hytaý uniwersiteti bolar.

— Bu, täze derejelere baryp ýeten Hytaý ýaly kuwwatly döwletiň geljekki ädimi bolar. [Pekin] beýleki ýurtlaryň hem öz alyp barýan ulgamyna laýyklykdaky ýörelgelere we gymmatlyklara üns bermegini isleýär – diýip, Nadež Rollan aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG