Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Hyýala garşy dowzah». Amnesty Sinjiangdaky syýasaty adamzada garşy jenaýat atlandyrdy


Hytaýyň Halk-azat ediş armiýasynyň soldatlary 2019-njy ýylda, Halkara goşun oýunlarynyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görýär. Korla, Sinjiang-Uýgur awtonom etraby, Hytaý, 2019-njy ýylyň 3-nji awgusty.

Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinjiangda aglaba köplügi musulman bolan etniki toparlar, şol sanda gazaklar, uýgurlar “köpçülikleýin ýagdaýda döwlet tarapyndan guramaçylykly we yzygiderli türmä basylýar, olar gynamalara we yzarlanmalara” sezewar edilýär, munuň özi adamzada garşy jenaýat. Adam hukuklaryny goraýjy Amnesty International tarapyndan şeýle beýanat edildi.

Londonda ýerleşýän adam hukuklarynyň ýagdaýyna gözegçilik ediji gurama 10-njy iýunda çap eden täze hasabatynda, bu barada jikme-jik maglumat berýär: « Hytaý häkimiýetleri tarapyndan 2017-nji ýyldan bäri iň azyndan uýgurlar, gazaklar, hueýler, gyrgyzlar, özbekler we täjik halklary öz dini däp-dessurlaryny, medeni adatlaryny hem ýerli ene dilini ýöredýänler “dünýewi, birmeňzeş hytaý milletine öwürmäge we Kommunistik partiýanyň ideallaryny zor bilen ornaşdyrmaga" sezewar edilýärler.

«Hytaý häkimiýetleri terrorçylyga garşy göreş bahanasyna duwlanyp, musulman azlykdan bolan ýüzlerçe müň erkekleri we aýallary "köpçülikleýin tabyn bolmaklyga we gynamalara" sezewar etdi. Şeýlelikde, Sinjiangda görlüp-eşidilmedik derejede “hyýala garşy dowzahy” döretmek” üçin, millionlarça adama garşy "yzygiderli köpçülikleýin gözegçilik çärelerini" ýöredýär» diýip, Amnesty International guramasynyň baş sekretary Agnes Callamard bolup geçýän wakalary suratlandyrdy.

Pekiniň Sinjiangda alyp barýan syýasaty halkara jemgyýetçiliginiň ýiti tankytlaryna sezewar bolýar, şonuň bilen birlikde, Amerikanyň Birleşen Ştatlary uýgurlara we aglaba köplügi musulman bolan ýerli halklara garşy amala aşyrylýan sütemi beýan etmek üçin “genosid” adalgasyny ulanýar.

BMG-niň hasaplamalaryna görä, musulman etnik toparlaryň azyndan bir milliony sebitde döredilen “terrorçylyga garşy merkezlere” ýerleşdirilipdir.

Şeýle hem BMG Sinjiangda millionlarça adamyň lagerlere iberilendigini aýtdy, ýöne Pekin bu guramalaryň adamlary radikallaşdyrmazlyk we jemgyýete goşulmagyna kömek etmek üçin "hünär öwretmek merkezleri" bolup durýandygyny öňe sürýär.

Sinjiangdaky «täzeden terbiýeleýiş» lagerleri nähili görünýär

Ynsan hukuklaryny goraýjylar Hytaýy ýüzlerçe müň etniki azlyklary zor bilen zähmet-düzediş lagerlerine ýerleşdirmekde aýyplaýarlar. Pekin bu aýyplamalary-da ret edýär.

HÄKIMIÝETLERE KÖPÇÜLIKLEÝIN TABYNLYK

Amnesty International “Sinjiangda musulmanlary gynamak we yzarlamak" atly hasabatynda, "bilim arkaly özgerişlige geçmek" diýilýän köpçülikleýin merkezden geçirilen 50-den gowrak adamyň beren görkezmelerini çap etdi. Olar: "Hamana diýersiň, biz uruş wagtynda duşman ýaly bolduk” diýýärler hem ol merkeziň hakykat ýüzünde «adamlary tabynlyga getiriji lagerdigini» aýdýarlar.

Amnesty International şol adamlaryň ählisiniň ilki bilen hiç bir kanuna garşy gelmedik iş bilen tussag edilýändigini aýdýar, meselem, “dini tema degişli suratlary saklamak ýa-da daşary ýurtly kimdir biri bilen aragatnaşyk açmak” bahanalary sebäpli saklanypdyrlar.

Olaryň köprägi ilki başda polisiýa bölümlerinde sorag edilipdirler, köplenç halatda bolsa "gaplaň" diýilýän, adamyň elini hem aýagyny gandallaýan enjamlary bolan, "adamyň tenine ýiti agry berýän” oturgyçda oturdyp sorag edilýär.

«Polisiýa bölümlerinde adamy urup-ýençmek, ukusyz saklamak hem aşa köp adamy bir ýere gabamak düzgüni giňden ýaýran. Ol ýerde bolup çykanlar sorag edilen wagtynda hem ondan-oňa geçirilende, ýagdaýyň "türme şertlerine meňzeşdigini", lagere geçirilende, başlaryna halta geýdirilip, ellerine zynjyr urulýandygyny aýdýarlar.

Lagerlerde tussaglaryň durmuşynyň "aşa berk çäklendirmä" eýe bolýandygy aýdylýar, mundan daşary-da, tussaglaryň her günki hereketi "öňünden kesgitlenen". Olaryň özüni alyp barşyna "mydama gözegçilik bar hem baha berilýär".

Sinjiangdaky «täzeden terbiýeleýiş» lageriniň öňki tussagy: «Bize beýni ýuwjakdygyny aýtdylar»

Türmede oturanlaryň "şahsy durmuşy ýa-da özbaşdaklygy ýok, olar türme sakçylaryna ýa-da beýleki ýolbaşçylara hytaý dilinde däl-de, ene dillerinde jogap berseler, agyr jeza sezewar edilýärler".

Adatça, olardan "Yslamy inkär etmek, öz dillerini ulanmakdan ýüz öwürmek hem-de medeni däplerini unutmak talap edilýär, muňa derek hytaý dilini öwredýärler we Hytaýyň Kommunistik partiýasy barada ündew geçýärler”.

Tussaglar "hiç wagt öz kameralaryndan çykyp bilmeýärler, şonuň üçinem günüň şöhlesini käte bir görýärler, daşara seýrek çykýarlar ýa-da sport bilen az meşgullanýarlar".

YZYGIDERLI GYNAMALAR WE BEÝLEKI ÝOWUZ DARAŞMALAR

Amnesty International guramasynyň söhbetdeşlik geçiren öňki bendileriň ählisi tussaglykda gynamalara ýa-da beýleki zulumlara sezewar bolandyklaryny aýtdylar, şol sanda “psihologiki täsire, her günde adamkärçiliksiz çemeleşmelere, şeýle hem urup-ýençmek, elektrik toguna urdurmak görnüşinde fiziki gynamalar, ýeke adamlyk kamerada saklamak, iýmitden, suwdan we ukudan mahrum etmek, aşa sowuk ýerde saklamak hem zynjyr gandallar bilen jezalandyrmak çärelerini ulanypdyrlar”.

Lagerden boşadylan öňki bendiler birnäçe aýyň dowamynda “mydama diýen ýaly elektron hem-de şahsy adamlar tarapdan gözegçilikde" bolýarlar, olaryň hereket erkinligi "berk çäklendirilýär".

DINI HEM MEDENI YZARLANMALAR

Amnesty International guramasynyň habaryna görä, musulmanlar Sinjiangda öz dini dessurlaryny erkin ýöredip bilmeýärler, sebäbi dini we medeni amallar “ekstremist” hasaplanýar.

Netijede, adamlaryň köpüsi namaz okamagyny bes etdiler ýa-da özleriniň dine uýýandyklaryny başgaça görkezdiler. Sinjiang welaýatynda metjitler, mukaddes ýerler, öwlüýäler we beýleki dini hem medeni ojaklar ýykyldy ýa-da täzeden gurnaldy.

Guramanyň tassyklamagyna görä, Hytaý Sinjiangda adam hukuklarynyň depelenmegini örtmek üçin, erjellik bilen iş alyp barýar. Häkimiýetler "bu barada dil ýaran adamlara" haýbat atýarlar, olary tussag edýärler. Soňra bu adamlar ýowuz kemsidilýär.

Ýüz müňlerçe tussagyň ykbaly näbelli bolmagynda galýar. Olaryň köpüsiniň uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilen bolmagy mümkin ýa-da “mejbury zähmet ýagdaýyna geçirilendir” diýip, Amnesty International öz hasabatynda aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG