Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Owganystan boýunça harby serkerdesi işini yztutaryna geçirýär, 'Talyban' welaýat merkeziniň daşyny gabaýar


Owganystanyň milli goşunynyň harbylary bir gözegçilik nokadynda patrullyk edýär

“Talyban” jeňçileri öz territorial çäklerini giňeldýän mahaly, ABŞ-nyň Owganystandaky harby serkerdesi, ABŞ-nyň bu ýurtdaky 20 ýyllyk harby gatnaşygyny tamamlamak işleriniň çäginde, 12-nji iýulda serkerdeligi yztutaryna geçirdi. Ol bu işi ABŞ-dan ýöreder.

General Skott Miller Kabulda geçirilen dabarada Owganystandaky ABŞ güýçleriniň serkerdeligini Merkezi serkerdeligiň başlygy we harby-deňiz güýçleriniň generaly Frank MakKenzä (Frank McKenzie) tabşyrdy. MakKenzie Owganystan boýunça serkerdeligi Floridadan ýöreder.

MakKenzi iň azyndan ABŞ 31-nji awgusta çenli ýurtdan çekilmek işlerini tamamlaýança, Owganystanyň howpsuzlyk güýçlerini goramak üçin geçirilmegi mümkin bolan howa hüjümlerine gözegçilik eder.

Simwoliki iş gowşuryş 1-nji maýda halkara harby güýçler Owganystandan yza çekilmäge başlaly bäri, “Talybanyň” ýurduň 423 etrabynyň üçden birinde gözegçiligi ele geçirip, Kabul hökümetiniň synmak ähtimallygy baradaky gorkulary artdyrýan wagtyna gabat gelýär.

“Talyban” 12-nji iýulda merkezi Owganystandaky Gazny welaýatynyň paýtagtynyň daşyny baglaýan mahaly, welaýat geňeşiniň agzasy ýagdaýyň “örän howpludygyny” aýtdy.

Gündogar Gandahar walaýatynda hem uruşlar dowam edýär diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

“Talyban” bilen hökümetiň arasynda Katarda girişilen owganara gepleşiklerde möhüm öňe gidişlik gazanylmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG