Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus prezidenti Ukraina barada makala çap edenden soň, Zelenskiý Putini trollaýar


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý prezident Wladimir Putiniň iki ýurduň halklarynyň taryhyny öwrenmek üçin boş wagt tapyşyna özüniň “gözüniň gidýändigini” aýdyp, rus kärdeşini ýaňsylady.

Zelenskiý bu sözleri 13-nji iýulda žurnalistleriň onuň Putiniň ýazan makalasyna bildirýän reaskiýasyny öwrenmek üçin soran soragyna beren jogabynda aýtdy. Putin ukrainalylaryň we ruslaryň bir halkdygyny öňe sürýän 5000 müň söz töweregi ululykda makala çap etdi.

Öňe sürülen pikir doganlygyň oňyn beýany hökmünde niýetlenen ýaly bolup görünýär, ýöne Ukrainada köpler muňa özboluşly ukrain taryhyna we medeniýetine kembaha garamak synanyşygy diýip, garşy çykýar.

Ukrain prezidenti tutuş makalany seljermek üçin wagt tapmandygyny aýtdy, ýöne rus prezidentiniň munuň üçin “köp wagt sarp edendigine” düşünýändigini kinaýaly aýtdy. Makala bir gün ozal Kremliň saýtynda ukrain dilinde hem çap edildi.

Ol Putin “doganlyk halklardan” söz açsa-da, Russiýanyň özüni alyp barşynyň doganlykly däldigini aýtdy.

“Bu Abyl bilen Kabylyň gatnaşygyna meňzeýär” diýip, Zelenskiý aýtdy.

XS
SM
MD
LG