Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” bir welaýat geňeşiniň aýal agzasyny boşatdy


Owganystanyň Host welaýatynyň geňeş agzasy Zuhra Jalal
Owganystanyň Host welaýatynyň geňeş agzasy Zuhra Jalal

“Talyban” Hostyň welaýat geňeşiniň aýal agzasyny boşatdy diýip, ol aýalyň ogly Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna gürrüň berdi.

Aýub Jalal “Talybanyň” ilki özüniň bäş doganyny boşadandygyny, soňra bolsa ejesi Zuhra Jalaly boşadandygyny tassyk etdi.

Gündogar Host welaýaty Pakistan bilen serhede golaý ýerleşýär. Zuhra Jalal ýolda barýarka Kabulyň günortasyndaky Logar welaýatynda “Talyban” jeňçileri tarapyndan alnyp gaçyldy.

Onuň haçan ogurlanandygy dessine mälim bolmady. Jalalyň ogly Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren gürrüňinde, onuň sebitdäki taýpa ýaşulylarynyň töwellasy bilen boşadylandygyny we Logaryň merkezine baryp gowşandygyny aýtdy.

Logaryň welaýat häkimliginiň metbugat sekretary welaýat geňeşiniň agzasynyň 13-nji iýulda agşam häkimlige barandygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy.

“Talybanyň” metbugat sekretary Zabihullah Mujahid özleriniň bir welaýat geňeşiniň agzasyny we onuň ýanyndaky adamlary ele salandyklaryny tassyklady, ýöne bu wakanyň sebäplerini aýtmady.

XS
SM
MD
LG