Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÝ/AR žurnalistleriň "daşary ýurt agentleri" sanawyna goşulmagyny ýazgarýar


Azatlyk radiosynyň Moskwadaky býurosy
Azatlyk radiosynyň Moskwadaky býurosy

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy media korporasiýasynyň prezidenti Jeými Flaý Russiýanyň Adalat ministrliginiň Rus gullugynyň žurnalisti Elizaweta Maetnaýany "daşary ýurt agentleri" sanawyna goşmak baradaky kararyndan alada galýar.

“Biziň işgärlerimiz, öz hünär ukyplaryny ulanyp, diňleýjilere obýektiw habarlary we tassyklanan maglumatlary berýän hakyky rus watançylary. Kremliň garaşsyz žsurnalistlere edýän hüjümlerini güýçlendirmegi ruslary öz ýurdunyň taryhyndaky möhüm döwürde maglumat almak mümkinçiliginden kesýär” diýip, Flaý aýtdy.

Maetnaýadan başga, 15-nji iýulda “daşary ýurt agentleriniň” sanawyna ýene ýedi rus žurnalisti goşuldy. Olar “Açyk mediadan” Ýuliýa Ýaro we Maksim Glikin, şeýle hem “Proekt” redaksiýasynyň işgärleri Roman Badanin, Petr Manahin, Olga Çurakowa, Mariýa Çeleznowa we Ýuliýa Lukýanowa dagydan ybarat.

"Daşary ýurt agentleri" sanawyna goşulan metbugat serişdeleri häzirki wagtda 28 şahsyýeti we redaksiýany öz içine alýar, şol sanda Azat Ýewropa / Azatlyk Radiosy media korporasiýasynyň rus dilindäki 10 taslamasy we Azatlyk Radiosynyň Russiýa gullugy bilen hyzmatdaşlyk edýän dört žurnalist “gara sanawa” goşuldy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy habar serişdeleri babatda ulanylýan "daşary ýurt agentleri" kanunyny repressiw hasaplaýar we Russiýanyň kazyýetlerinde, Adam hukuklary boýunça Ýewropa kazyýetinde onuň bikanun ulanylýandygyny subut etmäge çalyşýar.

XS
SM
MD
LG