Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa, Täjigistan we Özbegistan awgustda owgan serhediniň golaýynda harby türgenleşik geçirmekçi


Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň bir esgeri täjik-owgan serhedine golaý sebite syn edýär.

Demirgazyk Owganystanda “Talyban” hüjümçileriniň hökümet goşunlaryna hüjüm etmegi boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynda barha güýçlenýän howpsuzlyk aladalarynyň arasynda Russiýa, Täjigistan we Özbegistan täjik-owgan serhediniň golaýynda bilelikde harby tälim-türgenleşik geçer.

Russiýanyň Merkezi harby okrugynyň komandiri Aleksandr Lapin 19-njy iýulda žurnalistlere beren maglumatynda tälim-türgenleşigiň 5-10-njy awgust aralygynda Täjigistanyň “Harb-Maýdon” harby meýdanynda geçiriljekdigini mälim etdi.

Merkezi Harby okrugynyň metbugat sekretary Russiýanyň Täjigistandaky harby bazasynyň işgärleriniň, daglyk harby tehnika goşunlarynyň, tank we artilleriýa goşunlarynyň, şeýle-de okrugyň ýörite güýçleriniň tälim-türgenleşiklere gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Soňky hepdelerde güýçlenýän “Talyban” hüjümleriniň arasynda ýüzlerçe owganystanly, şol sanda polisiýa we hökümet güýçleri ýurtdan gaçyp, Täjigistana we Özbegistana girdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG