Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan prezidentiniň çykyşynyň öňýanynda Kabulyň merkezine raketalar atyldy


Owgan howpsuzlyk güýçleri (arhiw suraty)
Owgan howpsuzlyk güýçleri (arhiw suraty)

Owganystanyň paýtagty Kabulda prezident Aşraf Ganiniň musulmanlaryň Eid-al-Adha, ýagny Gurban baýramy mynasybetli etmeli çykyşynyň öňýanynda, şäheriň merkezine azyndan üç raketa atyldy. Bu barada owgan resmileri maglumat berýärler.

Içeri işler ministrligiň metbugat-wekili Mirwais Stanikzaýiniň 20-nji iýulda beren maglumatyna görä, raketalar paýtagtyň ýokary derejede goralýan “Ýaşyl Zolagynyň” golaýyna düşüpdir. Bu sebitde prezidentiň köşgi we daşary ýurt döwletleriniň ençemesiniň ilçihanalary ýerleşýär.

Stanikzaýi hadysada hiç kimiň heläk bolmandygyny we ýaralanmandygyny aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat hiç bir topar öz üstüne almady.

Hüjümden birnäçe minut soň, Gani halka eden ýüzlenmesinde “Talybanyň” “parahatçylyga hiç hili meýliniň we niýetiniň ýokdugyny” aýtdy.

Bu çykyş uruşdan ejir çekýän ýurtdan halkara güýçleriniň doly çykarylmagynyň arasynda “Talyban” jeňçileriniň barha köp sebitleri öz gol astyna geçirmegine gabat geldi. Halkara güýçlerini Owganystandan öňümizdäki aýyň aýagyna çenli doly çykarmak göz öňünde tutulýar.

Mundan öň, geçen hepdäniň aýagynda Dohada owgan hökümetiniň we “Talyban” wekilleriniň arasynda tapgyr iki gün gepleşikler geçirildi. Emma taraplar Gurban baýramy mynasybetli ok atyşyklary bes etmek barada özara ylalaşyga gelip bilmediler.

XS
SM
MD
LG