Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tokio Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň direktory dabaranyň öňýany işden kowuldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Tokio Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň direktory on ýyl mundan ozal Holokost barada aýdan degişmesi üçin dabaranyň başlamagyndan bir gün ozal işden boşadyldy.

Ozalky komediýaçy Kentaro Kobaýaşi 1998-nji ýyldaky bir gülküli gepleşiginiň wideosy ýaňy-ýakynda peýda bolandan soň berk tankyt edildi. Kobaýaşi bu wideoda Holokost barada degişýän ýaly bolup görünýär.

Guramaçylyk komitetiniň prezidenti Seiko Haşimoto agzalýan wideonyň “taryhyň wawwaly faktlaryny” ýaňsylaýandygyny aýdyp, Kobaýaşiniň işinden boşadylýandygyny 22-nji iýulda yglan etdi.

Kobaýaşi beýanat berip, güýmenjäniň adamlaryň özlerini oňaýsyz duýmagyna sebäp bolmaly däldigini we geçmişde öz saýlap alan samsyklaç sözleriniň nädogry bolandygyny we özüniň puşmanlyk duýýandygyny aýtdy.

Tokio Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylary indi 23-nji iýulda boljak açylyş dabarasynyň nädip geçirilmelidigine täzeden seredýär.

Dabaranyň direktorynyň işden boşadylmagy çäräniň töwereginde dörän dawalaryň soňkusydyr. Birnäçe gün mundan ozal dabaranyň kompozitory özüniň bir wagtlar beren köne interwýusy bilen bagly dörän galmagal sebäpli işden çekildi. Ol köne interwýuda maýyp klasdaşlaryny kemsidendigini aýtdy.

Şeýle-de, guramaçylar türgenleriň we resmileriň arasynda ýokarlanýan koronawirus hadysalary bilen göreşýärler. Guramaçylar çäre üçin akreditasiýa edilenleriň arasynda jemi 91 adamyň koronawirus testiniň pozitiw netije görkezendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG