Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Belarus ýurduň iň esasy žurnalistler bileleşigini ýapjak bolýar


Polisiýanyň geçiren reýdinden soň, Belarusyň Žurnalistler bileleşiginiň başlygy Andreý Bastunets (sagda) we bir polisiýa işgäri bileleşigiň binasyny terk edýär. 16-njy fewral, 2021 ý. Minsk.

Belarusda habar beriş serişdelerine we raýat jemgyýetine garşy güýçlenýän basyşlaryň arasynda, Adalat ministrligi ýurduň öňdebaryjy žurnalistler bileleşigini ýapmaga synanyşýar.

21-nji iýulda Adalat ministrligi Belarusyň Žurnalistler bileleşigini (BAJ) “gaýtalanýan kanun bozmalar” sebäpli ýapmak üçin Ýokary kazyýete ýüz tutandygyny aýtdy.

Geçen hepde polisiýa Žurnalistler bileleşiginiň edara jaýlarynda reýd geçirenden soňra, häkimiýetler 20-nji iýulda bileleşigiň ähli bank hasaplaryny doňdurdy.

“Munuň gurama garşy ýowuz ar alyş kampaniýasydygy aç-açan” diýip, bileleşigiň başlygynyň orunbasary Boris Goretskiý aýtdy.

Adalat ministrligi bileleşigiň esasan edara jaýlarynyň kireýleri bilen bagly käbir resminama talaplaryny berjaý etmändigini öňe sürýär.

Žurnalistler bileleşigi degişli dokumentleri tabşyrmak üçin özlerine bary-ýogy birnäçe günüň berlendigini, ýöne polisiýanyň geçiren reýdlerinden soň öz edara jaýlarynyň möhürlenmegi sebäpli ministrligiň talabyna jogap berip bilmändiklerini aýtdy.

Belarus häkimiýetleriniň Žurnalistler bileleşigini ýapmak synanyşyklary olaryň garaşsyz media garşy kampaniýalary güýçlendirýän wagtlaryna gabat gelýär.

Belarusyň Žurnalistler bileleşigi häkimiýetleriň soňky hepdelerde media guramalarynyň edara jaýlarynda we žurnalistleriň öýlerinde 66 sany barlag geçirendigini, şeýle-de 32 žurnalistiň tussaghanalarda saklanýandygyny aýtdy, olaryň käbiri sud edilmäge garaşýar, käbiri bolsa özlerine çykarylan türme hökümlerini ýerine ýetirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG