Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Näme üçin Türkmenistan ÝOJ-lara býujetden iberýän maliýe serişdelerini kemeltmekçi bolýar?


Studentler. Illýustrasiýa suraty.
Studentler. Illýustrasiýa suraty.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Türkmenistanyň ýokary bilim şertlerinden hem-de bilim almak üçin daşary ýurtlara göçýän türkmenlerden söz açýar.

Türkmenistan ýokary bilim pudagyny ymykly býujetden aýyrmagy, ony şertnama esasynda maliýeleşdirmegi planlaşdyrýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 18-nji iýulda habar berdi.

Şol bir wagtyň özünde, ýokary bilim almak üçin daşary ýurtlara gidýän türkmenistanlylar käbir ýurtlarda talyplaryň arasynda köplügi emele getirýär. Soňky maglumatlara görä, türkmen raýatlary Belarusda okaýan daşary ýurtly studentleriň iň uly bölegini emele getirýär. Belarusyň resmi statistikalaryna görä, ýurtda 8 müň 700 töweregi türkmenistanly bilim alýar.

Bu aralykda, türkmen häkimiýetleri Owganystanda ýaramazlaşýan howpsuzlygyň fonunda Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda ýokary bilim alýan owganystanly raýatlary öz ýurduna ugradýar.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Türkmenistanyň ýokary bilim şertlerinden hem-de bilim almak üçin daşary ýurtlara göçýän türkmenlerden söz açýar.

Gepleşigimize Pragadan ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally gatnaşdy.

Näme üçin Türkmenistan ÝOJ-lara býujetden iberýän maliýe serişdelerini kemeltmekçi bolýar?
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

XS
SM
MD
LG