Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda koronawirus ýokuşanlaryň gündelik görkezijisi 700 adamdan geçdi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

21-nji iýulda Özbegistan ýylyň başyndan bäri tassyklanan koronawirus hadysalarynyň gündelik ýokarlanmagynyň rekord derejesini – bir gije-gündizde 719 näsagy hasaba aldy. Şondan bir gün öň bu görkeziji 698 bolupdy.

Saglyk ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä, ýüze çykarylan koronawirus hadysalarynyň umumy sany ýurtda 122 048-e ýetdi.

Günüň dowamynda 492 adamda, bir gün öň bolsa 478 adamda pnewmoniýa ýüze çykaryldy. Pnewmoniýa näsaglarynyň statistikasy 5-nji iýuldan bäri çap edilýär.

Koronawirus bilen kesellän we ýogalan adamlaryň resmi hasaba alnan sany 4 adam artyp, 814-e ýetdi.

XS
SM
MD
LG