Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden ABŞ-nyň owgan howpsuzlyk güýçlerine berýän goldawyny dowam etdirjegini aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani bilen telefonda gürleşdi.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani bilen telefonda gürleşdi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, Birleşen Ştatlaryň Owganystana berýän goldawyny, şol sanda ösüş we ynsanperwer kömegini dowam etdirjekdigini aýtdy.

Şeýle-de Baýden ABŞ-nyň owgan howpsuzlyk güýçlerine özlerini goramaklary üçin berýän goldawyny dowam etdirmäge ygrarlydygyny tassyklady diýip, Ak tamyň 23-nji iýuldaky beýanatynda aýdylýar.

Baýden bilen Gani "Talybanyň" häzirki hüjümleriniň onuň konflikti gepleşikler arkaly çözmegi goldaýandygy barada aýdanlaryna gös-göni ters gelýändigi barada bir pikire geldi.

ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň ýurtdan çykmagy bilen, "Talyban" söweşijileri soňky hepdelerde Owganystanyň köp bölegini öz gözegçiligine alyp, owgan hökümetiniň dargamak ähtimallygy baradaky aladalary güýçlendirdi.

"Talybanyň" metbugat wekili Suhail Şahin 23-nji iýulda AP habar gullugyna beren interwýusynda Kabulda konfliktiň ähli taraplar üçin kabul ederlikli hökümet gurlup, Ganiniň hökümeti giden halatynda söweşijileriň ýaraglaryny taşjakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG