Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mirziýoýewiň "gizlin rezidensiýasyny" tapan özbek aktiwisti partiýa döredýär


Özbek blogçysy Alekseý Garşin

Özbegistanly tanymal blogçy, prezident Şawkat Mirziýoýewiň gizlinlikdäki “Şowwozsoý” rezidensiýasynyň üstüni açan Alekseý Garşin täze, “Ozod Watan” partiýasynyň esaslandyryjy gurultaýyna taýynlyk görýändigini aýtdy.

Aktiwist “YouTube” kanalynda ýerleşdirilen wideoýazgyda täze syýasy guramany Özbegistanyň Halk partiýasyna öwürmek isleýändigini nygtady.

Garşin Azatlyk radiosynyň Özbek gullugyna beren interwýusynda eýýäm 20-den gowrak agzadan ybarat guramaçylyk komitetiniň döredilendigini aýtdy. Mundan ozal tanymal dramaturg Sanjarali Ymamow hem “Ozod Watan” partiýasyny döretmek üçin guramaçylyk işleriniň başlandygyny habar beripdi.

Blogçy Alekseý Garşiniň sözlerine görä, intelligentsiýa wekillerinden we aktiwistlerinden ybarat guramaçylyk komiteti ýakyn wagtda partiýanyň ilkinji gurultaýyny geçirmekçi bolýar.

“Kanun boýunça biz guramaçylyk komiteti üçin azyndan 50 adam ýygnamaly. Şu wagta çenli biz barlanan 20 adamdan ybarat topar döretmegi başardyk. Häzir topar döretmek aňsat däl, belli bir düşünişmezlikler saklanyp galýar. Emma biz bu meseläniň üstünde işleýäris we haýal etmän herekete geçmek kararyna geldik” diýip, Garşin Azatlyk radiosyna aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG