Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Žanaozende ýene bir kärhananyň işçileri iş taşlady


Iş taşlan işçiler

23-nji iýulda Žanaozende ýene bir kompaniýanyň, “Ozenmunaýgaz” kompaniýasynyň kömekçi potratçysy bolan UTS LLС-iň 80-e golaý işgäri iş taşlaýyş yglan etdi.

Işçiler ýolbaşçylardan aýlyklarynyň 100% köpeldilmegini, howply ýerlerdäki iş üçin kompensasiýa berilmegini, baýramçylyk günleri işlenende berilýän aýlygyň ýokarlandyrylmagyny we beýlekileri talap edýärler.

Işçileriň sözlerine görä, häzir olar 110-165 müň teňňe möçberinde aýlyk alýarlar we bu, olaryň pikiriçe, hünär töwekgelçiligine laýyk gelmeýär we eklenmek üçin ýeterlik däl.

“Ozenmunaýgasyň” radiasiýaly turbageçirijilerinde himiki arassalaýjylar bilen işleýän işçiler bu işiň saglyk üçin juda zyýanlydygyny, ýöne zawod açylaly bäri kompensasiýa almaýandyklaryny aýdýarlar.

“Bu ýeri “mazar” diýlip hem atlandyrylýar, sebäbi bu işde işlemek saglyk üçin örän zyýanly. Häzirki berilýän aýlyk üçin janyňy howp astyna salanyňa degenok. Munuň üstesine, indi azyk, hemme zat gymmatlaýar. Çagalary eklemeli, jaý kireýi üçin tölemeli. Biz uzak wagt bäri nägilelik bildirip gelýäris” diýip, işçileriň biri aýtdy.

Olaryň sözlerine görä, kompaniýada 90 töweregi işgär işleýär: 80 adam işini togtatdy we iş taşlaýyş yglan etdi. 23-nji iýulda, şol günüň öýläni kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Berik Galiýew iş taşlanlaryň ýanyna geldi, arzlaryny diňledi.

Işçileriň aýtmagyna görä, Galiýew olaryň talaplaryny ýerine ýetirip bilmeýändiklerini we komissiýanyň döredilmändigini aýdypdyr.

Azatlyk radiosynyň Gazak gullugy giçlik Galiýew bilen habarlaşdy we ol kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň meseläni çözmäge çalyşýandygyny, işçileriň talaplarynyň ýazylyp alnandygyny gürrüň berdi.

Iň soňky maglumata görä, häzir Žanaozende "Ozenmunaýgas" nebit kompaniýasynyň jaýlaryny arassalamak bilen meşgullanýan NBKS kärhanasynyň işgärleri; "Tazalyk-S" jemgyýetçilik kärhanasynyň sürüjileri we ýükleýjileri; Nebit ýatagy enjamlary we hyzmatlar işgärleri; "Aktau Munai Service" nebit hyzmat kompaniýasynyň işgärleri; Ozenmunaýgaza ulag hyzmatlaryny edýän KUNAN HOLDING kompaniýasynyň sürüjileri iş taşlamaklaryny dowam etdirýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG