Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropada on müňlerçe adam COVID-19 düzgünlerine garşy protest ýörişine çykdy


Protetçiler

24-nji iýulda Ýewropanyň birnäçe şäherinde on müňlerçe demonstrant köçelere çykyp, COVID-19 ýokuşmalarynyň öňüni almak üçin koronawirusa garşy sanjym almak boýunça girizilen düzgünlere öz garşylyklaryny bildirdi.

Iň uly protest Fransiýada bolup, takmynan 160,000 adam restoranlara we beýleki köpçülik ýerlerine girmek üçin ýörite rugsatnama we ähli saglyk işgäriniň COVID-19 sanjymlaryny almagyny talap edýän kanun taslamasyna garşy tutuş ýurt boýunça demonstrasiýa geçirdi.

Protestleriň köpüsi asuda boldy, ýöne Parižiň pitnä garşy polisiýasy biri ofisere oturgyç zyňanyndan soň, Bastil plaza meýdançasynda “Azatlyk! Azatlyk!” diýip gygyrýan demonstrantlara garşy göz ýaşardyjy gaz ulandy. Polisiýa soňra şäheriň Ýeňiş diňiniň (Arc de Triomphe) golaýyndaky demonstrantlary dargatmak üçin suw toplaryny ulandy.

Garşy çykylýan kanun taslamasy muzeýlere, kinoteatrlara we syýahatçylyk ýerlerine barmak üçin soralýan “saglyk rugstanamasyny”, restoranlary, barlary we beýleki ýerleri hem öz içine almak bilen, has giňden ulanmagy nazarda tutýar.

Ony almak üçin adamlara doly sanjym edilmeli, ýaňy-ýakynda synagdan geçen we negatiw netije alan bolmaly ýa-da COVID-19-dan saplanandygyňy subut etmeli.

Rimde we beýleki italiýan şäherlerinde hem müňlerçe demonstrant hökümetiň içerdäki naharhanalara, stadionlara, kinoteatrlara we beýleki ýygnanyşyk ýerlerine girmek üçin “rugsatnama” talap etmegine garşylyk bildirip, parahatçylykly demonstrasiýa ýygnandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG