Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Özbegistanda koronawirus sanjymlaryny we dermanlaryny satýan adamlar tutuldy


Özbek lukmanlary koronawirusy bejermekde "Remdesevir" dermanyny giňden ulanýarlar.

Özbegistanda häkimiýetler koronawirus näsaglaryny bejermek üçin döredilen üpjünçilik merkezleriniň birinde işleýän bir aýaly tussag etdi. Ýerli onlaýn neşiriniň habaryna görä, ol özbek-hytaý koronawirus sanjymynyň 185 flakonyny 1400 dollara satmaga synanyşypdyr.

Derňew wagtynda anyklanmagyna görä, paýtagtyň maşgala poliklinikalarynyň birinde işleýän şepagat uýasy tussag edilene ogurlyk sanjymyň her dozasy üçin 150 000 som (takmynan 16 dollar) tölejekdigini aýdypdyr.

Mundan başga, hususy kompaniýanyň işgäri hem tussag edildi. Ol koronawirusy bejermek üçin ulanylýan “Remdesa” (Remdesivir) derman serişdeleriniň 500 sanysyny 175 million soma satmaga synanyşdy.

Ýene iki adam, hususy kompaniýanyň sürüjileri “Remdesivir” dermanynyň 200 sanysyny 10 000 dollara satanda tutuldy.

Bu işleriň her biri boýunça derňew geçirilýändigi habar berildi.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG