Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň serhedinde atyşyk boldy. Serhetçi ýaralandy


Batken serhedinde duran esger. Arhiw suraty

Gyrgyz-täjik serhedinde, Batken sebitiniň Kum-Mazar şäherinde ýene bir atyşyk boldy.

Gyrgyzystanyň Döwlet serhet gullugynyň habaryna görä, Täjigistanyň serhetýaka obasynyň ýaşaýjylary 24-nji iýulda Gyrgyzystanyň razylygyny alman, bu ýerdäki “çägeli meýdany arassalamak çärelerine" başlady.

Bu wakanyň bolan ýerine gyrgyz serhetçileri, ýerli häkimiýetleriň wekilleri we ýerli ýaşaýjylar geldi. Täjik tarapy gyrgyz tarapynyň bu işi bes etmek baradaky talaplaryna boýun egmedi.

“Täjigistanyň raýatlary Gyrgyzystanyň raýatyny urmaga synanyşdy. Mundan başga, gyrgyz we täjik respublikalarynyň ýaşaýjylarynyň arasyndaky söz atyşmalar özara ýumruklaşma we daş zyňyşmaga ýazdy” diýip, Serhet gullugynyň beýanatynda aýdylýar.

Konflikt wagtynda ok hem atyldy we netijede, Gyrgyzystanyň serhet gullugynyň habaryna görä, ýaralanan ýa-da ejir çeken bolmady.

Täjigistanyň serhetýaka Çorkuh obasynyň ýaşaýjylary gyrgyz serhetçileriniň ot açandygyny aýdýar.

Olaryň sözlerine görä, bu waka dynç alyş ýerleriniň arassalanýan wagtynda bolup geçdi we atyşygyň özi takmynan 10 minut dowam etdi.

Çorkuh administrasiýasy bu wakada 19 ýaşly täjik serhetçisiniň aýagyndan ýaralanandygyny, onuň keselhana ýerleşdirilendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG