Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tokio Olimpiadasynda aýyň başyndan bäri 153 adamda COVID-19 tapyldy


Tokio

Tokioda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylary akkreditasiýa alan 153 adamda COVID-19 synagynyň aýyň başyndan bäri oňyn netije görkezendigini 26-njy iýulda aýtdylar. Oňyn testleriň 24-si soňky 24 sagada degişli.

19 adam sportsmenler. Olaryň käbiri Olimpiýa şäherçesinde ýaşadylar. Bu ýerde 16 adamda koronawirus tapylypdy.

Koronawirus testleri oňyn netije görkezen adamlar Tokio aýlagynyň gapdalyndaky köp gatly jaýlardan karantin myhmanhanasyna geçirildi.

Pandemiýa sebäpli bir ýyl yza süýşürilen Olimpiýa oýunlary 23-nji iýulda Tokioda we üç goňşy prefekturada adatdan daşary ýagdaýyň girizilmegi bilen başlandy.

Ýaponiýadan we daşary ýurtlardan baran janköýerleriň ählisine Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak gadagan edildi.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG