Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden: ABŞ-nyň Yrakdaky goşunlary ýylyň ahyryna çenli söweş missiýasyny bes eder


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Yrakdaky amerikan goşunlarynyň söweş missiýasyny ýylyň ahyryna çenli tamamlajakdygyny, emma yrak güýçlerine maslahat bermekde we tälim bermekdäki roluny dowam etdirjekdigini aýtdy.

Baýden bu barada 26-njy iýulda premýer-ministr Mustafa al-Kadhemi bilen Ak tamda duşuşanda aýtdy.

Döwlet departamenti tarapyndan çap edilen iki ýurduň bilelikdäki beýanatynda howpsuzlyk gatnaşyklarynyň tälim, maslahat bermek we aňtaw maglumatlaryny paýlaşmak ugurlaryna gönükdiriljekdigi aýdylýar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary aprel aýynda Yrakdaky 2500 amerikan goşunynyň tälim we maslahat beriş wezipesine geçjekdigini mälim edipdi, ýöne geçişiň haçan boljakdygyny aýtmandy.

Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki 2500 amerikan goşunynyň näçesiniň ýylyň ahyryna çenli Yrakda galjakdygyny aýtmakdan saklandy.

ABŞ güýçleri Saddam Huseýini agdarmak üçin 18 ýyl ozal Yraga goşun salypdy we soňra bu ýurda howp salýan “Yslam döwleti” ekstremistlerine garşy göreşmek üçin koalisiýa döredipdi.

Ak tam tarapyndan berlen beýanata görä, Baýden bilen Kadhemi “Yslam döwletiniň” hiç haçan direlmezligi we terrorçylykdan gutulan jemgyýetleriň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň diňe maslahat beriş ýardamyna geçmegine ýol açmak üçin howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny dowam etdirjekdiklerini aýdypdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG