Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tokio: türkmen sportçysy ilkinji olimpik medalyny gazandy


Polina Gurýewa

Agyr atletikaçy Polina Guryýewa Türkmenistanyň garaşsyzlyk döwrüniň taryhynda Olimpiýa oýunlarynda medal gazanan ilkinji sportsmen boldy.

Türkmen agyr atletikaçy Polina Guryýewa Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala eýe boldy.

Türgen 217 kilogram agram götermek netijesini görkezdi.

Bäsdeşlikde altyn medal Taýwanly Kuo Hsing-Çun 236 kg (103 + 133) tarapyndan gazanyldy. Üçünji ýere 214 kg (94 + 120) netijesi bilen Ýaponiýanyň wekili Mikiko Ando çykdy.

Tokioda 23-nji iýul we 8-nji awgust aralygynda geçýän Olimpiýa oýunlaryna 9 türkmen türgeni gatnaşýar. Olar dört sport görnüşi - ýüzmek, dzýudo, ýeňil atletika we agyr atletika boýunça bäsleşýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG