Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistana sapar eder


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon awgustyň başlarynda Türkmenistana sapar eder. Bu barada Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin 27-nji iýulda beýanat berdi.

Täjik prezidentiniň Aşgabada amala aşyrýan sapary 4-nji awgustda başlanar we iki gün dowam eder. Ministrlik bu sapar boýunça başga jikme-jiklik mälim etmedi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi meýilleşdirilýän ýokary derejeli sapar barada maglumat bermeýär.

Täjik prezidentiniň Türkmenistana amala aşyrýan sapary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky ýyllarda gowşaýan wagtlaryna gabat gelýär. Hususan-da, 2019-njy ýyldan bäri Türkmenistan täjik ýük ulaglarynyň öz çäginden üstaşyr geçmegine rugsat bermeýär. Bu ugurda täjik häkimiýetleriniň üç ýyl bäri alyp barýan tagallalary netije bermeýär.

Galyberse-de, meýilleşdirilýän sapar iki ýurduň günorta goňşusy Owganystanda "Talyban" jeňçileri bilen owgan hökümet güýçleriniň arasyndaky söweşleriň güýçlenip, ýurtda howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşýan wagtlaryna gabat gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG