Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus "Belsat" oppozisiýa telekanalyny “ekstremist” hökmünde gadagan etdi


"Belsat" telekanalynyň žurnalistleri
"Belsat" telekanalynyň žurnalistleri

Belarusda media serişdelerine we raýat jemgyýetine garşy güýçlenýän basyp ýatyrmalaryň arasynda, ýurduň kazyýeti Polşa tarapyndan maliýeleşdirilýän “Belsat” telewizion kanalany “ekstremist” hökmünde gadagan etdi.

27-nji iýulda Içeri işler ministrligi belaruslylar üçin möhüm habar çeşmesi bolan we diýdimzor Aleksandr Lukaşenkanyň garşydaşlaryny ýakyndan yzarlaýan “Belsatyň” maglumatlaryny paýlaşan islendik adamyň türme tussaglygyna höküm edilip bilinjekdigini ýa-da oňa jerime salynjakdygyny aýtdy.

Kazyýet karary Belsatyň websaýtyny we ähli sosial media hasaplaryny Belarusyň çäginde petikleýär.

Lukaşenka şu aý ýurdy aktiwistlerden, habar serişdelerinden we raýat jemgyýetinden arassalamak bilen haýbat atdy. Ýurtda öňümizdäki günlerde ozal görlüp-eşidilmedik protestleri tutaşdyran dawaly prezidentlik saýlawlaryna bir ýyl dolýar.

Ynsan hukuklaryny goraýjy “Wýasna” toparyna görä, belarus häkimiýetleri media serişdelerine we raýat jemgyýetine garşy basyş kampaniýalaryny güýçlendirip, şu aýyň dowamynda 200-den gowrak edara jaýlarynda we aktiwistleriň hem-de žurnalistleriň öýlerinde reýd geçirdi. Öňdebaryjy ynsan hukuklaryny goraýjy merkeziň özi hem häkimiýetler tarapyndan nyşana alnan guramalaryň biri boldy.

Belarusda häzirki wagtda ýigrimi ýedi žurnalist gözenegiň aňyrsynda bolup, olar ýa sud edilmäge garaşýar, ýa-da özlerine çykarylan türme hökümlerini ýerine ýetirýär.

Tussag astyndaky žurnalistleriň arasynda “Belsatyň” iki aýal žurnalisti Katerina Andreýewa hem-de Darýa Çultsowa dagylar hem bar. Olar fewral aýynda protestler barada beren habarlary üçin iki ýyl türme tussaglygyna höküm edildiler.

Köplenç belarus dilinde gepleşikleri efire berýän “Belsat TW” Polşanyň döwlet eýeçiligindäki “Polska” telewideniýesiniň golçur kärhanasydyr.

“Belsatyň” direktorynyň orunbasary Alekseý Dzikawiçki beýanat berip, telekanalyň öz işini dowam etdirjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG