Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan, Ermenistan serhetde bolan soňky çaknyşyklarda birek-biregi aýyplaýar


Ermeni esgerleri Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky bir serhet gözegçilik nokadynda. 18-nji iýun, 2021 ý.

Geçen ýyl bölünip aýrylan Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde turan uruşlardan soň, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda ýüze çykan täze dartgynlylyklaryň arasynda, iki Günorta Kawkaz goňşusy serhetde bolan soňky çaknyşyklar boýunça birek-biregi aýyplady. Ýerewan atyşykda özüniň üç esgeriniň ölendigini aýdýar.

Ermenistanyň Goranmak ministrligi "Azerbaýjanyň ýaragly güýçleriniň ermeni pozisiýalaryna garşy hüjüme girişmek arkaly Ermenistan-Azerbaýjan serhediniň demirgazyk-gündogar böleginde ýaraşygyň bozulmagyna ýene bir gezek meçew berendigini", 28-nji iýulda bolan çaknyşyklarda özüniň üç esgeriniň öldürilendigini we iki esgeriniň ýaralanandygyny aýtdy.

“Ýagdaýyň agyrlaşmagyndan Azerbaýjanyň harby-syýasy ýolbaşçylary jogapkärdir” diýip, ermeni ministrligi aýtdy we Azerbaýjan tarapynda hem adam ýitgileriniň bolandygyny sözüne goşdy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi Ermenistany ýagdaýy dartgynlaşdyrmakda aýyplady.

Ministrlik Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň ýarygijeden soň Kalbajardaky azeri goşunlarynyň pozisiýalaryna ot açandygyny we iki azeri esgerini ýaralandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG