Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

H.Ismatullaýewa wideoýüzlenme ýazyp, özüniň jenaýat etmändigini aýdypdyr


"Turkmen.news" neşiriniň twitterde paýlaşan wideosyndan alnan surat
"Turkmen.news" neşiriniň twitterde paýlaşan wideosyndan alnan surat

"Turkmen.news" Türkmenistanda iş, hünär haklaryny talap edeninden soň tussag edilen we 12 gün bäri nirededigi bilinmeýän lukman Hursanaý Ismatullaýewanyň, belki-de ätiýaç edip, baryp geçen ýylyň aýagynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa wideoýüzlenme ýazyp goýandygyny habar berýär.

Bu wideoda lukman özüniň hiç bir jenaýat etmändigini gaýtalap, bigünädigine garamazdan, "çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiçiň" öňünde özüni aklaýar.

Gökdepedäki "Ene mähri" merkeziniň öňki wraçy bu wideony garaşsyz neşire 2020-nji ýylyň güýzünde beren gürrüňinden soň, öz howpsuzlygyny alada edip, has beter ýagdaýa düşmejek bolup ýazana meňzeýär.

Türkmenistanda öz problemalary barada garaşsyz žurnalistlere, hukuk goraýjylara gürrüň beren islendik raýat öz erkinligini we howpsuzlygyny töwekgellik astyna salýar diýip, neşir onuň muňa bikanun işden boşadylyşy barada interwiýu bermezinden öňem düşünendigini belleýär.

Çap edilen wideodan görnüşine görä, H.Ismatullaýewa işini dikeltmek üçin elýeterli bolan kanuny ýollaryň ählisini synap görendigini, emma olaryň hiç biriniň netije bermändigini nygtaýar we birnäçe gezek gaýtalap, özüniň hiç bir jenaýat etmändigini, hiç bir kanuny bozmandygyny ýatladýar.

Şeýle-de, tussaglykdaky lukmanyň ýüzlenmesinde adamlaryň prezidente resmi ýagdaýda ýüzlenip, öz seslerini eşitdirip bilmeýändikleri aýdylýar.

Onuň pikiriçe, eger-de Berdimuhamedowa internet arkaly resmi taýdan ýüzlenmek mümkinçiligi bolan bolsady, şonda belki-de, oňa we beýleki lapykeçlige düşen raýatlara adam hukuklaryny goraýan daşary ýurt guramalaryna ýüz tutmak gerek hem bolmazdy.

Gökdepe şäherinde ýaşaýan Hursanaý Ismatullaýewany 16-njy iýul güni giçlik 10 töweregi adam näbelli tarapa alyp gitdi. Şondan bäri ol, bir tanşynyň Türkmen Helsinki fonduna aýtmagyna görä, 'edil guýa gaçan ýaly' boldy.

Ol 15-nji iýulda Ýewropa parlamentiniň agzalarynyň we HRW guramasynyň aklawçysynyň gatnaşmagynda, hukuk goraýjylar bilen Merkezi Aziýada we Mongoliýada susdurmak praktikalary, hukuk goraýjylaryň sesleri diýen temadan gurnalan onlaýn maslahatynda ady tutulyp, iş, hünär meselesi gozgalandan soň tussag edildi.

"Türkmen režimi diňe sanksiýalaryň diline düşünýär. Türkmen hökümetine kazyýet ýa-da hukuk ulgamyny gowulandyrmak üçin pul bermäň. Bu kömek edenok! Munuň tersine, ÝB-niň maliýe goldawy we Türkmenistandaky mümkinçilikleri ýokarlandyrmak baradaky dürli programmalar diňe häzirki režimi kanunlaşdyrýar!" diýip, maslahata gatnaşan derňewçi žurnalist Ruslan Mätiýew ýurtdaky hukuk bozulmalary, mejbury zähmet barada durup geçeninden soňra aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýan HRW guramasy, Ýewropa parlamentiniň onlaýn duşuşygyna gatnaşyp, Orta aziýadaky susdurma praktikalaryna alada bildiren deputatlary, şol sanda daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistleri öz hünär hukuklaryny talap edýändigi üçin ýanalýan türkmen lukmanynyň derhal azat edilmegine çagyrdylar.

Emma muňa garamazdan, öňki ýyllarda hem bolşy ýaly, türkmen häkimiýetleri onuň işi, nirede we näme üçin saklanýandygy barada indi 12 gün bäri hiç bir açyk düşündiriş bermeýär.

Eger-de biraz yza çeklisek, Türkmenistanda häkimiýet çalşanda, raýatlaryň arz-şikaýatlaryny diňlemek, elin barlamak boýunça prezident derejesinde käbir tabşyryklar berildi, ýöne bu tabşyryklar durmuşa geçirilmedi.

Şondan soň ýurt içinde seslerini eşitdirip bilmän, garaşsyz neşirlere ýüz tutan raýatlaryň arasynda Kakabaý Tejenow, Amangelen Şapudakow, Sazak Durdymyradow dagy ýaly, mejbury ýagdaýda ruhy hassahana ýerleşdirilen, Aýjemal Berdiýewa ýaly tussag edilen adamlar hem boldy. Azatlyk radiosy bilen hyzmatdaşlyk edip başlan Ogulsapar Myradowa bolsa, egindeşleri bilen fransuz žurnalistlerine Türkmenistan barada dokumental kino düşürmäge kömek berendigi üçin, galp aýyplamalar esasynda türmä basylyp, şol ýerde gümürtik ýagdaýda aradan çykdy.

Tejribeden görnüşien görä, Türkmenistanda tussag edilen adamlaryň köpüsi jaň edip, öz ýagdaýlary barada ne maşgalasyna, ne-de aklawçysyna habar berip bilýär, häkimiýetleriň bellän aklawçylary bolsa, işlerini ýitirmezlik üçin, 'ýokardan' berlen görkezmeden çykmaýar.

Mundan başga, türkmen telewidenisýesinde görkezilýän 'gözýaşly tobalardan' hem görnüşi ýaly, Türkmenistanda aýyplanan adamlar dürli basyşlar esasynda özlerine garşy görkezme bermäge mejbur edilýär.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Baş kanunynyň 45-nji maddasynda "Adam öz-özüne ýa-da ýakyn garyndaşlaryna garşy görkezme we düşündiriş bermäge mejbur edilip bilinmez. Psihiki ýa-da fıziki zorluk ulanmak, şeýle hem gaýry bikanun usullar bilen alnan subutnamalaryň ýuridik güýji ýokdur" diýilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG