Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eston serhetçileri gaçybatalga soraýan türkmenistanlyny Russiýa gaýtaryp berdi


Illýustrasiýa suraty

Düýbi Moskwada ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy “Memorial” guramasynyň habaryna görä, Türkmenistanyň raýaty bolan 26 ýaşly Ahmet Jumadurdyýew 26-njy iýulda eston serhetçileri tarapyndan Estoniýanyň Narwa sebitinde tutup saklanyldy we rus häkimiýetlerine gaýtarylyp berildi.

Jumadurdyýew Russiýada serhedi bikanun kesip geçmekde aýyplanyp, kazyýet jogapkärçiligine çekilýär.

Guramanyň habaryna görä, eston häkimiýetleri tarapyndan ele salnyp, Russiýa geçirilen türkmen raýaty öz watanynda dini aýyplamalar boýunça yzarlanýardy.

Has ozal, “Memorial” türkmenistanly raýatyň 2017-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Russiýanyň Sankt Peterburg şäheriniň Pulkowa aeroportunda pasport gözegçiliginden geçen wagty rus häkimiýetleri tarapyndan saklanandygyny habar berdi.

Hukuk guramasy Jumadurdyýewiň kazyýet diňlenişiginiň 28-nji iýulda geçirilýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG