Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň ilçisi Türkmenistany ilkinji Olimpiýa medaly bilen gutlady


Agyr atletikaçy Polina Gurýewa kümüş medal gazandy.
Agyr atletikaçy Polina Gurýewa kümüş medal gazandy.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu Klimow Türkmenistany Olimpiýa oýunlaryndaky ilkinji medaly bilen gutlady.

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň adyndan çykyş edýän sportçy Polina Gurýewa Tokio 2020 Olimpiýa oýunlarynyň 27-nji iýulda geçirilen bäsleşiklerinde kümüş medal gazanypdy.

Türkmenistanly türgeniň bu ýeňşi ýurduň garaşsyzlyk taryhynyň ilkinji Olimpiýa medaly hökmünde taryha geçdi.

Sport ussady agyr atletika boýunça 59 kilogram agram derejesinde çykyş edip, 217 kilogram agram götermek bilen kümüş medala mynasyp boldy.

Ilçi Klimowyň “Türkmenistan ilkinji Olimpiýa medalyň gutly bolsun! Berekella Polina!” diýen ýazgyly suraty ilçihananyň Facebook sahypasynda ýerleşdirildi.

Tokio Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň adyndan dokuz türgen gatnaşýar.

XS
SM
MD
LG