Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Derňew: Žurnalistiň öldürilmegine Malta häkimiýetleri jogapkär


Dafne Karuana Galizia
Dafne Karuana Galizia

Garaşsyz derňewiň gelen netijesine görä, maltaly žurnalist Dafne Karuana Galizianyň (Daphne Caruana Galizia) öldürilmeginde döwlet jogapkärçilik çekmeli. Bu derňew häzirki bir, öňki iki kazy tarapyndan geçirildi.

Derňew netijesinde aýdylmagyna görä, döwlet Maltadaky korrupsiýa barada ýazan žurnalistiň ömrüne abanýan hakyky howpy boýun almady. Hökümet jezadan gutulmak medeniýetini döretdi we bu ýagdaý kanunyň hökmürowanlygynyň peselmegine getirdi diýip, derňewçiler pikir edýär.

Dafne Karuana Galizia Maltadaky ýokary wezipeli adamlara degişli korrupsiýa faktlaryny derňeýärdi. 2017-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda öýünden çykanda, onuň awtoulagy ýaryldy. Žurnalist partlamada öldi.

Žurnalistiň ölümi boýnaça geçirilen derňew uzaga çekdi. 2019-njy ýylda birnäçe hökümet ministri, şol sanda ministrler kabinetiniň başlygy Josefa Muskat, onuň öldürilmegine dahylly adamlar bilen ilteşikli bolmakda güman edilip, wezipesinden çekildi.

Žurnalisti öldürmekde günäli tapylan Winsent Muskat 2021-nji ýylyň fewralynda 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Muskat özüniň günäsiniň ýokdugyny aýdýar.

Adam öldürmekde güman edilýän adamlaryň ýene ikisi öz günäsini boýun almaýar. Olaryň kazyýet işi häzirlikçe başlanmaýar.

Mundan başga, maltaly telekeçi Ýorgen Feneke hem adam öldürmek aýyplamasy bildirildi. Ol hem özüniň bigünädigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG